UEFA Çempionlar ligasynda ýene-de 2 klub 1/8 finala çykdy

11:0402.12.2020
0
907

UEFA Çempionlar ligasynda “D” toparçada 10-a golaý oýunçysy şikesli bolan “Liwerpul” öz meýdançasynda “Aýaksy” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Liwerpul” toparçada 1-nji ýeri eýeläp, 1/8 finala adyny ýazdyrmagy başardy. “Liwerpula” ýeňiş getiren ýeke-täk goly Kurtis Jons derwezä girizdi. Şunlukda, “Liwerpul” bassyr 5-nji, umumylykda-da 13-nji gezek 2-nji tapgyrda oýnamaga hukuk gazandy. Toparçadaky beýleki duşuşykda “Atalanta” öz meýdançasynda “Mitdýulland” bilen 1-1 deňme-deň oýnady. Toparçada 2-nji ýeri eýelejek klub “Atalanta” ýa-da “Aýaks” bolar. 6-njy duşuşyklarda iki topar Amsterdam özara güýç synanyşar.

Şeýle-de “C” toparçada öz meýdançasynda “Mançester Siti” bilen golsuz deňme-deň oýnan “Porto” topary 16-njy gezek 2-nji tapgyra çykdy.

Şeýlelikde, “Liwerpul” bilen “Porto” toparlary ozal 1/8 finala çykan “Bawariýa”, “Mançester Siti”, “Çelsi”, “Sewilýa”, “Barselona”, “Ýuwentus” toparlarynyň hataryna goşuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň