Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

23:4001.12.2020
0
11855

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek baradaky meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususan-da, nebitgaz toplumynyň edaralarynyň daşary ýurt kompaniýalary bilen harytlary satyn almak, işleri we dürli hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnamalar boýunça işleriň häzirki ýagdaýy barada hasabat berildi.
Şeýle hem türkmen tebigy gazynyň çykarylmagyny, gaýtadan işlenilmegini hem-de dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada bellenildi.
Bellenilişi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek maksady bilen, Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilýän polietilen önümleriniň özüne düşýän gymmatyny peseltmek, satyn alynýan önümleriň importyny azaltmak üçin zawodyň çäginde izobutan öndürýän desganyň taslamasyny düzmek we ony taýýar edip gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi.
Şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan Hazar deňziniň ýalpaklygynda we kenar ýakasynda geçirilýän gözleg-barlag işleri, Hazaryň türkmen böleginde täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýadarlary çekmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Döwlet Baştutany degişli hasabatlary diňläp, nebitgaz toplumyny ösdürmek baradaky döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek we önümçilik görkezijilerini gowulandyrmak boýunça öňde durýan esasy wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň