IWF-niň saýtynda hem hasaba alynmadyk türgen agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

18:0828.11.2020
0
1694

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň açyk çempionatynda erkekleriň arasynda 67 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen ýaryş garaşylmadyk netije bilen tamamlandy. Heniz Halkara agyr atletika federasiýasynyň resmi saýtynda türkmenistanly türgenleriň arasynda ady bellige hem alnyp ýetişilmedik 18 ýaşly türgen 67 kilograma çenli agram derejesinde halkara tejribesi ýetik bäsdeşleriniň ählisini yzda galdyryp, Türkmenistanyň çempiony boldy. Ýeri gelende aýtsak, bu agram derejesinde 10 türgen ýaryşdy.

Bu agramyň çempionyna Ýazmämmet Annalyýew diýýärler. Şu ýylyň 26-njy awgustynda 18 ýaşyny dolduran Ýazmämmet Türkmenistanyň açyk çempionatynda ajaýyp netijäni görkezdi. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 268 kilogram agyrlygy eýgerip, ýurdumyzyň çempiony boldy.

Ştangany silterläp götermekde 125 kilogramlyk agyrlyk Ýazmämmediň başynyň üstünde hallan atdy. Oňa iň ýakyn gelen türgen geçen ýylky dünýä çempionatynda dördünji orny eýelän Bunýod Raşidow boldy. Bunýod birinji usulda 124 kilogram agyrlykdaky ştangany göterip bildi.

Çempion türgen itekläp götermekde 143 kilogram agyrlyga ýetip bildi. Onuň bu gezekki netijesi umumy hasapda ikinji orny eýelän Myrat Allaberenowdan 6 kilogram az bolsa-da, çempionlyk üçin şu-da ýeterlikdi. Şeýlelikde, Ýazmämmet iki görnüşiň jemi boýunça Myratdan 3 kilogram agyrlygy köp göterdi.

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň wise-çempiony Myrat Allaberenow 265, bürünç medalyň eýesi  Bunýod Raşidow bolsa 264 kilogram agyrlygy eýgerdi. Aralyklaryň ýakyn bolmagy bu agram derejesindäki ýaryşlaryň diýseň gyzykly we çekeleşikli bolandygyndan habar berýär. Ýöne hormat münberine çykan türgenleriň aşaky orunlary eýelän ýedi bäsdeşinden arany ymykly açandygyny hem aýtmak gerek. Mysal hökmünde, dördünji orundaky Bektimur Reýimowyň 252 kilogram agyrlyga ýetendigini aýdyp bileris.

Şeýlelikde, şu gezekki çempionat geljegine umyt bildirilýän ýene bir ýaş ýyldyzyň dogmagyna sebäp boldy. Nesip bolsa, Ýazmämmet Annalyýewiň adyny geljekde halkara ýaryşlarda gazanan üstünlikleri bilen hem agzarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň