TÝL ― 2020: 26-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar

17:1022.11.2020
0
1530

Tapgyryň esasy aýratynlyklary:

Täze golçy ýok: Tapgyrda gol geçiren futbolçylaryň ählisi hem ozaldan tapawutlanyp gelýän oýunçylardyr. Möwsümiň umumy golçularynyň sanynyň 98-e ýetendigini ýatladýarys.

17 gol: Tapgyrda derwezelere 17 pökgi geçirildi. Bu bolsa möwsümiň iň ýokary netijeleriniň biridir. Möwsümde diňe 14-nji tapgyrda 20 pökgi geçirilipdi. 26-njy tapgyr 17 gol bilen tamamlanan üçünji duşuşyk boldy.

295 gol: Möwsümde geçirilen gollaryň sany 295-e çykdy.

«Altyn Asyr» – «Energetik» – 6:0

Gollar: 41 Begenç Akmämmedow, 60 Mihail Titow, 70,79,84, 87 Altymyrat Annadurdyýew.

Birinji aýlawda: 1:1

Ikinji aýlawda: 6:1

Üçünji aýlawda: 2:0

Möwsüm boýunça: 15:2.

20-nji utulyş: «Energetik» möwsümde 20-nji gezek utuldy.

35-nji pökgi: Möwsümiň iň netijeli futbolçysy Altymyrat Annadurdyýew gollarynyň sanyny 35-e çykardy.

Rekord 9 duşuşyga çykdy: Yzygiderli tapgyrlarda gol geçirmek boýunça rekord 9 duşuşyga çykdy. Altymyrat Annadurdyýew 18-nji tapgyrdan bäri çempionatdaky ähli duşuşyklarda tapawutlanyp gelýär. Ol şol duşuşyklarda 18 pökgi geçirdi. Bu bolsa tutuş möwsümdäki pökgüleriniň deň ýaryndan hem kändir.

Ýokary liganyň ilkinji ikiliginde: Şu möwsümdäki 35-nji pökgüsini geçiren Altymyrat Annadurdyýew Ýokary liganyň taryhynda bir möwsümde iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň sanawynda ilkinji ikilige girdi. Milli çempionatymyzyň rekordy Sergeý Kazankow bilen Rejepmyrat Agabaýewe degişlidir. Olar degişlilikde 1992 we 1995-nji ýyllarda 41 pökgi geçiripdiler.

Bu sanawda hem üçünji: Altymyrat Annadurdyýew möwsümiň duşuşyklaryndaky ortaça gol sany boýunça hem Ýokary liganyň taryhynda ilkinji ikilige girdi. Häzire çenli 35 pökgi geçiren futbolçy yzda galan tapgyrlaryň her birinde, ortaça, 1,34 pökgi geçirdi. Tutuş möwsüm babatynda alnanda iň ýokary netije 1992-nji ýylyň netijeli futbolçysy Sergeý Kazankowa degişlidir. Ol 41 pökgi geçiren möwsüminde her tapgyra 1,46 pökgüden sygdyrmagy başarypdy.

Bir oýunda 6 gol: Şeýlelik bilen, bu duşuşyk iň köp pökgi geçirilen duşuşyklaryň arasynda ilkinji üçlüge girdi. Ýöne ol üçünji orny ýene bäş duşuşyk bilen paýlaşýar. Ýeri gelende aýtsak, Ýokary liganyň açylyş möwsümi 28 tapgyrdan ybarat boldy. Ýeri gelende aýtsak, iň köp pökgi geçirilen 13 duşuşygyň 6-synda «Altyn asyr» ýeňiji tarapdyr.

Ilkinji ikilikde: Duşuşyk toparlaryň arasyndaky gol tapawudy boýunça möwsümde ikinji orny eýeleýär. Ýöne birinji orundaky iki duşuşygyň hem birinde «Altyn asyryň» adynyň bardygyny aýtmak gerek. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri 14-nji tapgyrda «Nebitçini» 7:0 hasabynda ýeňipdiler. 6 gol tapawudy bilen tamamlanan bu duşuşyk ikinji orny 20-nji tapgyrdaky «Altyn asyr» ― «Şagadam» (7:1) duşuşygy bilen paýlaşýar.

Bir toparda 30 gol: Şahsy hasaplamalarymyza görä, Mihail Titow Ýokary ligada «Altyn asyryň» düzüminde 30-njy pökgüsini geçirdi. Ol 2013-nji ýyldan bäri ýöredilip gelinýän sanawda toparda iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň ilkinji bäşligine girýär.

Iki poker, ikisi hem Annadurdyýewiňki: Möwsümde bary-ýogy iki duşuşykda bir oýunçy dört pökgi geçirip bildi. Şol oýunçylaryň ikisi hem Altymyrat Annadurdyýewdir. Mundan ozal ol 12-nji tapgyrda edil şu duşuşykda ― «Altyn asyr» ― «Energetik» duşuşygynda dört gezek tapawutlanypdy.

Bu gezek 17 minutda: Altymyrat Annadurdyýew ozalky pokeri üçin 49 minut sarp eden bolsa, bu gezek bary-ýogy 17 minutda dört pökgi geçirip, belki birnäçe möwsümiň rekordyny täzeledi. Biziň ýönekeý hasaplamalarymyz 2015-nji ýyldan bärde beýle ýagdaýyň bolmandygyny görkezýär. Ýöne şeýle ýagdaýyň Ýokary liga ― 2020-de ilkinji gezekdigini hökman aýtmak gerek.

Bir derwezä 300 gol: Mihail Titow «Energetigiň» derwezesine Ýokary ligadaky 300-nji goly geçiren futbolçy boldy. Şeýlelikde, bilen «Energetik» çempionatyň taryhynda derwezesine iň kän pökgi geçirilen toparlaryň arasynda 13-nji orna çykdy.

Annadurdyýewi «Energetik» goldady: «Altyn asyryň» şu möwsümde «Energetige» geçiren 15 golunyň 11-i Altymyrat Annadurdyýewe degişlidir.

«Energetigi» «Altyn asyr» goldady: Ýokarky hasapdan hem görşüňiz ýaly, şu möwsümde «Altyn asyr» bilen «Energetigiň» arasyndaky duşuşyklarda umumy hasap 15:2. «Energetigiň» hasabyna ýazylan şol 2 goly hem «Altyn asyryň» oýunçylary öz derwezesine geçirdiler.

 «Ahal» – «Köpetdag» – 1:2

Gollar: 16 Murat Ýakşiýew – 57 Yhlas Saparmämmedow, 79 Şiri Annaýew, (11 m.j.u.).

Birinji aýlawda: 1:0

Ikinji aýlawda: 0:0

Üçünji aýlawda: 2:0

Möwsüm boýunça: 4:2.

30-njy gol: Yhlas Saparmämmedow «Köpetdagyň» Ýokary liganyň şu möwsümindäki 30-njy pökgüsini geçirdi.

40 utukly dördünji topar: Bu ýeňişden soňra utugyny 40-a deňlän «Köpetdag» möwsümde 40 utuk gazanyp bilen dördünji topar boldy.

Saparmämmedowyň 10-njy goly: Şahsy hasaplamalarymyza görä, Yhlas Saparmämmedow Ýokary ligada 10-njy pökgüsini geçirdi.

Öz meýdanynda ýeňip bilmedi: Umumy hasapda öňde bolsa-da, «Ahal» şu ýyl öz meýdanynda «Köpetdagy» ýeňip bilmedi.

«Merw» – «Şagadam» – 1:2

Gollar: 33 Pirmyrat Gazakow – 58 Hydyr Ýakubow, 61 Yhlas Magtymow.

Birinji aýlawda: 0:1

Ikinji aýlawda: 1:2

Üçünji aýlawda: 1:1

Möwsüm boýunça: 3:6.

Magtymow ― ikinji: Möwsümdäki pökgüleriniň sanyny 14-e çykaran Yhlas Magtymow iň netijeli futbolçylaryň sanawynda ikinji orna çykdy. Bu orny möwsümiň başyndan bäri saklap gelýän Elman Tagaýew bolsa (13 gol) üçünji orna düşdi.

Bassyr dördünji duşuşykda: Yhlas Magtymow Ýokary liganyň 23-nji tapgyryndan bäri ähli duşuşyklarda tapawutlanyp gelýär. Ol 14 goluň 5-sini şu soňky dört tapgyrda geçirdi.

«Nebitçi» – «Aşgabat» – 2:3

Gollar: 75 Alibek Abdyrahmanow, 90+3 Azat Garajaýew, (11 m.j.u.) – 43, (11 m.j.u.), 87 Nazar Towakelow, 70 Şatlyk Gurbanow.

Birinji aýlawda: 2:5

Ikinji aýlawda: 1:1

Üçünji aýlawda: 1:2

Möwsüm boýunça: 6:11

Üç tapgyrda üç gol: Alibek Abdyrahmanow «Nebitçiniň» Ýokary ligadaky soňky üç duşuşygynda hem tapawutlanyp, şolaryň hersinde bir gol geçirdi. Ýeri gelende aýtsak, futbolçynyň möwsümdäki gollarynyň sany 8-e çykdy.

10 golly bäşinji futbolçy: Nazar Towakelow möwsümde 10 gol geçiren bäşinji futbolçy boldy. Has takygy, Altymyrat Annadurdyýewiň 35, Yhlas Magtymowyň 14, Elman Tagaýewiň 13, Mihail Titowyň 11 goly bar. Indi 10 gulluk sepgide iň ýakyn futbolçylar «Şagadamdan» Hemra Amanmämmedow bilen «Merwden» Alibek Abdyrahmanowdyr. Olaryň ikisiniň hem hasabynda häzir 8 pökgi bar.

Towakelow «Nebitçi» bilen ösdi: Nazar Towakelow möwsümdäki 10 goluň bäşisini «Nebitçiniň» derwezesinden geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň