Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Tatarystan Respublikasyndaky raýatlaryny getirdi

23:5328.10.2020
0
19719
Türkmenistan Tatarystan Respublikasyndaky raýatlaryny getirdi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkmenabatdan Kazana we ondan yzyna çarter uçuşyny gurady. Uçar koronawirus pandemiýasy sebäpli Tatarystan Respublikasynda galan türkmen raýatlaryny getirdi.

T5738 belgili gatnaw bilen Boeing-777-200LR uzak aralyga uçar koronawirus pandemiýasy sebäpli awiagatnawlar bes edilenden soň, Russiýanyň bu sebitinde galmaga mejbur bolan 200-den gowrak raýaty getirdi.
Şeýle-de, agzalan gatnaw bilen islendik adam 45 kilogramdan gowrak agramda ýük iberip bildi diýip, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň resmi saýty habar berdi.
Raýatlarymyzy Watanymyza tapgyrlaýyn getirilmek işi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça amala aşyrylýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) talaplaryna laýyklykda, çarter uçuşy arkaly Russiýadan gelen Türkmenistanyň ähli raýatlary hökmany iki hepdelik karantin geçerler.
Öň, Türkmenistanyň hökümeti Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Özbegistandan, Hindistandan, Gazagystandan we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan raýatlarynyň getirilmegini gurady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň