Soňky habarlar

Arhiw

1 minutda 100 million gazandy

11:2525.10.2020
0
1292

“OnePlus” kompaniýasynyň “OnePlus 8T” atly smrartfony onlaýn satuwa çykarylan 60 sekundyň dowamynda 100 million ýuanlyk satyldy. 10 minutdan soňra bolsa, bu görkeziji iki esse artdy. Arzan bahaly telefon “OnePlus 8T” ýokary tehniki aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. “Snapdragon 865” mikroprosessor 8 we 12 GB RAM-ly görnüşleri bolan telefon 120 Hz täzeleme tizligi bilen ýokary durulykdaky şekili hödürleýär. Telefon hytaý bazarynda 3 299 ýuandan satuwa çykaryldy. Smartfonyň yz tarapynda 48 MP,  16 MP, 5 MP we 2 MP durulygynda dört sany, öňünde 32 MP durulygynda bir kamera bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň