Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Halkara himiýa olimpiadasyna taýýarlyk görýär

19:1720.07.2020
0
3482

25-nji iýulda 52-nji Halkara onlaýn Himiýa olimpiadasy (IChO) geçirilýär. Olimpiadanyň düzgünnamasyna laýyklykda, onuň netijesi 29-njy iýulda mälim ediler. Bu ýyl iri halkara ýaryşynyň guramaçylygy Türkiýäniň TUBITAK guramasy (ylmy we tehnologiýa barlag guramasy) tarapyndan alnyp barylýar.

52-nji Halkara onlaýn Himiýa olimpiadasyna türkmenistanly mekdep okuwçylary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde döredilen internet-kompýuter otagynda gatnaşarlar. Şerte görä, onlaýn ýumuşlar bölek-bölek berilýär. Soraglary ýükläp alyp, okamaly, soňra jogaby kagyza ýazmaly we skanerden geçirip, guramaçylyk toparyna-eminlere ugratmaly. Olimpiadanyň geçýän pursady kameralar arkaly gözegçilik alnyp barylar. Bu şertler halkara ýaryşyň düzgünnamasyna täze girizildi. Sebäbi halkara olimiada şu ýyl ilkinji gezek onlaýn tertipde geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň