Türkmenistanyň ähli sebitlerde suw gorlarynyň ýeterlik bolmagy balykçylygy ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. Häzir ýurtda TSTB-niň garamagynda 40-dan gowrak balykçylyk hojalygy hereket edýär.
Olardan «Hazar Balyk» AGPJ köplere mälimdir. Bekre balygy ýaly gymmat bahaly balyk görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegi hem özleşdiren kompaniýa ýakynda konserwirlenen spratlary eksport edip başlady.
2019-njy ýylda Ahal sebitinde işläp başlan «Toý zaman» hojalyk jemgyýeti sebitiň köllerinden balyk tutup ilata hödürleýär. Şeýle hem Daşoguz welaýatynda «Ak durna», Lebapda «Myradym», Ahalda «Elin balyk» ýaly hojalyklar hem alnyp barylýan işlere goşant goşýar.