Soňky habarlar

Arhiw

Bugdaý ekilýän meýdanlar geljek ýylyň hasylyndan 760 müň gektardan 690 müň gektara çenli azaldylar

21:5722.11.2019
0
1346

Türkmenistanda bugdaý ekilýän meýdanlary geljek ýylyň hasylyndan başlap, 760 müň gektardan 690 müň gektara çenli azaltmak we 1 million 400 müň tonna galla öndürmek meýilleşdirilýär. Bu barada 21-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatyndaky çykyşynda belledi. Bu barada TDH ýazýar.

Iş maslahatynda döwlet Baştutany şu ýyl türkmen daýhanlarynyň 1 million 650 müň tonnadan gowrak galla, häzire çenli 1 million 60 müň tonnadan hem köp pagta taýýarlamagy başarandyklaryny nygtady. Beýleki oba hojalyk ekinlerinden hem bol hasyl ýygnalyp alyndy.

Şeýlelikde, biz pudakda döwrebap özgertmeleri geçirmek arkaly ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek hem-de dokma kärhanalarymyzy pagta önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirýäris diýip, hormatly Prezident aýtdy.

Şonuň bilen baglylykda, ilatyň un, çörek we çörek önümleri bilen üpjünçiligini nazara alyp, bugdaý ekilýän meýdanlary geljek ýylyň hasylyndan başlap, 760 müň gektardan 690 müň gektara çenli azaltmak we 1 million 400 müň tonna galla öndürmek meýilleşdirildi diýip, döwlet Baştutany belledi.

Täze dokma kärhanalarynyň gurlup, ulanylmaga berilýändigini hem-de içerki önüm öndürijileriň pagta önümlerine islegleriniň artýandygyny göz öňünde tutup, bugdaýdan artýan 70 müň gektar ýeri täze ýylyň hasylyndan başlap, gowaça ekilýän meýdanlara goşmak we gowaça meýdanlaryny 620 müň gektara çenli köpeltmek hem-de ýurdumyz boýunça 1 million 250 müň tonna pagta öndürmek bellenildi. Bu bolsa dokma we ösümlik ýagyny öndürýän senagat kärhanalarymyzy pagta önümleri we tehniki çigit bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Bu önümleriň özümizden artýan bölegini daşarky bazarlara ýerlemäge hem şert döreder diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň