Soňky habarlar

Arhiw

Ante Mişe Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynda KHDR we Şri-Lanka bilen boljak duşuşyklar üçin milli ýygyndyny kesgitledi

13:5106.11.2019
0
10721

Horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzümi Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň 25 adamlyk düzümini emele getirdiler. Bu düzüm milli ýygyndymyzyň Dünýä çempionaty ― 2022-niň we Aziýa kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynyň çäginde KHDR we Şri-Lanka bilen geçirjek duşuşyklarynda ýurdumyzyň sport abraýyny gorap çykyş eder.

Çagyrylan futbolçylaryň 21-si milli çempionatda, galan 4-si bolsa daşary ýurtlaryň futbol çempionatlarynda çykyş edýär. Legionerlerden kapitan Arslanmyrat Amanow bilen Kambojanyň «Nagaworldynyň» ýarym goragçysy Amir Gurbany eýýäm Aşgabada geldi. Wahyt Orazsähedow 10-njy, Ruslan Mingazow bolsa 11-nji noýabrda geler.

Deslapky düzümde ady görkezilen hem bolsa Kubok duşuşygynda şikes alan «Ahalyň» ýarym goragçysy Merdan Gurbanow öňde boljak duşuşyklaryň düzüminden çykaryldy.

Milli ýygyndymyzyň KHDR bilen duşuşygy 14-nji, Şri-Lanka bilen duşuşygy 19-njy noýabrda bolar. Ikisi hem «Köpetdag» stadionynda geçiriljek duşuşyklar 16:00-da başlar.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy:

Derwezeçiler: Mämmet Orazmuhammedow («Altyn asyr»), Batyr Babaýew («Ahal»), Rahat Japarow («Köpetdag»).

Goragçylar: Mekan Saparow («Altyn asyr»), Zafar Babajanow («Altyn asyr»), Abdy Bäşimow («Ahal»), Güýçmyrat Annagulyýew («Aşgabat»), Gurbanguly Aşyrow («Ahal»), Serdar Annaorazow («Ahal»), Mekan Aşyrow («Altyn asyr»), Amir Gurbany («Nagaworld»).

Ýarym goragçylar: Serdar Geldiýew («Altyn asyr»), Wezirgeldi Ylýasow («Ahal»), Resul Hojaýew («Altyn asyr»), Yhlas Magtymow («Şagadam»), Ruslan Mingazow («Irtyş», Gazagystan), Arslanmyrat Amanow («Lokomotiw», Özbegistan), Altymyrat Annadurdyýew («Altyn asyr»), Yhlas Saparmämmedow («Ahal»), Meýlis Diniýew («Köpetdag»), Döwletmyrat Seýitmuhammedow («Köpetdag»).

Hüjümçiler: Wahyt Orazsähedow («Dordoý»), Didar Durdyýew («Ahal»), Myrat Ýagşyýew («Altyn asyr»), Mihail Titow («Altyn asyr»).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň