Mary etrabynyň çäginde ýerleşýän «Kekeç» harytnyşanly guş etini we ýumurtga öndürýän guşçulyk toplumynda ýylda 5 mln sany ýumurtga, 500 tonna guş eti öndürmäge niýetlenendir. Guşlara göwnejaý ideg etmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Toplumyň ýumurtga we guş etini öndürmek, ot-iýmlik ekinleri ekmek üçin uzak möhletleýin bölünip berlen meýdany 100 gektar bolup, ýeriň 10 gektarynda esasy desgalary ýerleşýär. Bu ýerde guş saklanýan birmeňzeş ýataklaryň jemi 5-si bar. Ýataklaryň içi ýagtylandyryjy, howa sazlaýjy, ýyladyjy, suw arassalaýjy, iým paýlaýjy enjamlar bilen üpjün edilen. Bu işler awtomatik usulda dolandyrylýar. Toplumda ýumurtgalyk towuklar saklanýan ýataklaryň ikisi bar. Olaryň her birinde 48 müňden gowrak towuga ideg etmek mümkinçilikler döredilen.
