«Täze Aý» hususy kärhanasy öndürýän önümleriniň görnüşlerini gitdigiçe köpelýär. Täze şekerli keks we köke önümleri «Datly şerbet» harytlyk nyşany bilen satuwa çykaryldy.
Şu gün ýurdumyzyň söwda nokatlarynda hususy kärhananyň täze konditer önümleri görnüp başlady. Olar «Täze Aýyň» önümçiligini ozaldan bäri dowam etdirip gelýän konditer önümleriniň, şöhlatlarynyň, süýt önümleriniň we buzgaýmaklarynyň üstüni ýetirdi.
«Täze Aý» hususy kärhanasy 2004-nji ýylda döredildi. 2007-nji ýyldan bäri işleriniň gerimini has giňelden kompaniýa häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ýerindäki azyk harytlary nokatlaryna önümlerini paýlaýar. Häzir kompaniýanyň mümkinçilikleri bir gije-gündizde dürli görnüşli önümleriň 90 tonnasyny öndürmäge çenli ýetýär. Olaryň hatarynda «Belle», «Dide» keksleri, «Täze Aý» «Ylham», «Harman», «Talyp», «Margiana» kökeleri we beýleki önümler bar.
Soňky habarlar
Arhiw
«Täze Aý» hususy kärhanasy önümleriniň görnüşini artdyrýar
18:1826.01.2019
0
28957
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň