Soňky habarlar

Arhiw

2019-njy ýylda Türkmenistanda pagtanyň we bugdaýyň satyn alyş bahalary ýokarlanar

16:5429.11.2018
0
8009

Türkmenistanda 2019-njy ýyldan başlap, bugdaýyň we pagtanyň täze döwlet satyn alyş bahalary girizilýär. Oba we suw hojalygy ministrliginde habar berlişi ýaly, 1 tonna bugdaýyň satyn alyş bahasy 2 esse, ýagny 400 manat bolandygyndan 800 manada çenli ýokarlandyryldy - diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.
Pagtanyň bahasy çig malyň hil taýdan häsiýetnamalary nazara alnyp kesgitlenildi. 1 tonna nah pagtanyň satyn alyş bahasy ýygymyň başlanan gününden 15-nji oktýabra çenli 1 müň 500 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 1 müň 430 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 1 müň 365 manat bolar.
Öz nobatynda, 1 tonna ýüpek pagtanyň, tohumlyk pagtanyň saýlama sortunyň satyn alyş bahasy ýygymyň başlanan gününden 15-nji oktýabra çenli 2000 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 1 müň 910 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 1 müň 820 manat bolar.
Şuňa laýyklykda, oba zähmetkeşleriniň girdejileri hem artar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiiň oba syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet ýeňillikleriniň dürli görnüşleri, şol sanda önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen ýeňillikler berilýär. Bularyň hemmesi “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda”, “Pagtaçylyk hakynda”, “Däneçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynda berkidilendir.
Hususan-da, oba hojalyk zähmetkeşlerine ýerden peýdalanmak üçin iň pes nyrhlar kesgitlenildi, olar salgytdan doly boşadyldy. Daýhanlar hem-de daýhan birleşikleri tehnika, tohum, mineral dökünler, suw we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilýär.
Häzirki döwürde bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin 1 gektara edilýän harajatlaryň doly bahasy 925 manada, şol sanda kärendeçiniň harajatlarynyň ýeňillikli gymmaty 448,15 manada deňdir. Geljek ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 1 gektara edilýän harajatlaryň doly bahasy 1 müň 449,77 manat, şol sanda kärendeçiniň hajatlarynyň ýeňillikli gymmaty 687,54 manat möçberinde bolar, şeýlelikde gallaçylaryň harajatlarynyň ýarysyndan gowragyny ýapmaga döwlet tarapyndan pul kömegi berler.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda, 2018-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan başlap, pagta hasylyny öndürijiler bilen hasaplaşmak üçin karz ugry açyldy. Pagtanyň sortlaryna baglylykda, el bilen ýyglan nah pagtanyň 1 kilogramyna 60 teňňe, ýüpek pagtanyň 1 kilogramyna bolsa 80 teňňe hakujy hökmünde tölenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň