23-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow döwlet Baştutanyna söwda-ykdysady toplumda hem-de telekeçilik ulgamynda işleriň ýagdaýy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň kuwwatyny artdyrmak babatda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Hususan-da, ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygyny artdyrmak, ilaty Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň güýji bilen eziz Diýarymyzda öndürilýän hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek maksady bilen, ösümlik ýaglarynyň önümçiligi boýunça kärhanalar gurulýar. “Gündogar akymy” hem-de “Kämilligiň gözbaşy” hojalyk jemgyýetleri tarapyndan ekologiýa taýdan arassa günebakar ýagyny öndürmek boýunça zawodlar gurulýar. Bu kärhanalarda her ýylda jemi 24 müň tonna ýag we guşçulyk toplumyna zerur iým öndüriler. Bu desgalary geljek ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň çäklerinde 2019-njy ýylda günebakar ekilýän ekerançylyk meýdanlaryny 5000 gektar giňeltmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň tebigat-howa şertlerinde öňdebaryjy işläp taýýarlamalara hem-de ýokary tehnologiýalara esaslanmak arkaly, obasenagat toplumynda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň gerimini giňeltmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň çäklerinde, Türkmenistanda günebakar ýagyny öndürmek teklibini makullap, bu ekiniň ýurdumyzyň tebigat-howa şertlerinde ýetişdirilmegi üçin has netijeli görnüşini saýlap almagyň, bu ugurda düýpli ylmy esaslandyrmalaryň zerurdygyna ünsi çekdi, daýhan-kärendeçileriň we ekerançylyk hojalyklarynyň mümkinçiliklerini doly herekete girizmek babatynda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňky habarlar
Arhiw
Türkmenistan importuň ornuny tutýan önümleri öndürmekde toplumlaýyn işleri alyp barýar
02:4824.11.2018
0
12321
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň