Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşik yglan edýär

0
4791
Address:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.
Phone:
44-46-64, 44-46-77.
Last update:

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň buýurmagynda Aşgabat — Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň 47-nji kilometrinde ýerleşýän sil-suw akabasynyň üstünden geçýän, şeýle hem 47,5-nji kilometrinde ýerleşýän demir ýoluň üstünden geçýän awtomobil köprüleriniň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 4-nji dekabryna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter

Comments
To leave a comment, log in or register
By topic