Top.Mail.Ru

Latest News

News Archive

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edildi

0
3944
Address:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.
Phone:
39-46-39, 39-46-38, 39-46-32.
Last update:

1. LOT ¹ 2.
Ministrligiň elektron kommunikasiýa ulgamlaryny kibergorag bilen üpjün etmek üçin zerur enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Adalat ministrligi.

2. LOT ¹ 4.
Ministrligiň ýörite edaralaryna gap-gaç ýuwujy serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

3. LOT ¹ 9.
Gullugyň elektrik habar beriji toplumlarynyň enjamlaryny hem-de inžener-tehniki desgalarynyň gurluşygy üçin serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

4. LOT ¹ 16.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň içerki gaz geçiriji ulgamynyň gurluşygy üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: «Türkmengaz» döwlet konserni.

5. LOT ¹ 26.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini telefonlaşdyrmak maksady bilen, içerki eltiji aragatnaşyk ulgamynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi.

6. LOT ¹ 28.
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň ýangyn habar beriji enjamlaryna tehniki hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

7. LOT ¹ 29.
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün edýän enjamlaryna tehniki hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

8. LOT ¹ 33.
«E-Salgyt» programma üpjünçiligi üçin ylmy-tehniki ilerlemäniň ösüş derejesi bilen şertlenen we häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän serişdeleri hem-de enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti.

9. LOT ¹ 34.
Gullugyň awtoulaglary üçin dürli görnüşli akkumulýator batareýalaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

10. LOT ¹ 37.
Gullugyň harby gullukçylaryny egin-eşik bilen üpjün etmek maksady bilen zerur bolan harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.

11. LOT ¹ 41.
Milli atly sport merkezinde, Mary hem-de Daşoguz Döwlet athanalarynda saklanylýan tohum atlar üçin ot-iýmleri satyn almak.
Satyn alyjy: «Türkmen atlary» döwlet birleşigi.

12. LOT ¹ 44.
Farap etrabynda ýerleşýän «Farap» serhet gözegçilik-geçiriş nokadyndaky awtoulaglary, tirkegleri zyýansyzlandyrýan desga hem-de zyýansyzlandyryş geçelgesini döwrebaplaşdyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.

13. LOT ¹ 45.
Köýtendag etrabynyň Kelif şäherçesinde ýerleşýän gümrükhana degişli bolan umumy ýaşaýyş jaýynyň durkuny özgerdip, edara jaýyna öwürmek hem-de daş-töweregini abadanlaşdyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.

14. LOT ¹ 58.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke atlary üçin arpa satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirligi.

15. LOT ¹ 59.
Ministrligiň Ýer serişdeleri gullugy üçin Türkmenistanyň Döwlet ýer kadastrynyň awtomatlaşdyrylan geomaglumat toplumynyň merkezleşdirilen ýeke-täk elektron maglumatlar binýadyny döretmek we alyp barmak maksady bilen, maddy-tehniki enjamlary hem-de ygtyýarlandyrylan programma üpjünçiligini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi.

Bäsleşik 2022-nji ýylyň 10-njy martynda geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. 

Telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38, 39-46-32.

If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter

Comments
To leave a comment, log in or register
By topic