News Archive

Senli günler

0
387
Mail:
bagtacary29@gmail.com
Price:
8000
Saýa salar eken mähiriň,
Paýhas paýy eken pähimiň,
Nurly atar eken säherim,
Käbäm senli günler, şol günler.

Hemişe derdime dermandyň,
Kalbyma emlenen, permandyň,
Güneşli günden, gam dörmändim,
Käbäm senli günler, şol günler.

Bagt guşy egnime gonardy,
Asman mähir sazyn çalardy,
Teşne kalp, mähriňden ganardy,
Käbäm senli günler, şol günler.

Elleň ýapyp, mele-myssyk nan,
Gulakda ýaňlanar "gyzymjan",
Sowaman, saçak bilen ýygnan,
Käbäm senli günler, şol günler.

Jigilerim "ejede, eje"
Nura ýugurlan ýaly gije,
Seniň bilen eýedim güýje,
Käbäm senli günler, şol günler.

Giden soň sowap, ýyly gujak,
Gyz adyma atylsa göjek,
Bagt dünýäme, açylar peçek,
Käbäm senli günler, şol günler.

Giden soň sowap, ýyly gujak,
Gyz adyma atylsa göjek,
Galkansyz duýýaryn özümi,
Käbäm sensiz günler, bu günler.

Ýalan ýaly duýlar gideniň,
Iç aglar, daş gülki edebim,
Çekip ýalançyň her sütemin,
Käbäm sensiz günler, bu günler

Darykmam artar ýada salsam,
Durman ýaş damar aldanaýsam,
Gama ellerim galgadaýsam,
Käbäm sensiz günler, bu günler...

SYegenbayew
Comments
To leave a comment, log in or register
By topic