Germaniýada awtobuslarda Aziada — 2017 mahabatlandyrylýar

0
476
Germaniýada awtobuslarda Aziada — 2017 mahabatlandyrylýar

Türkmenistanyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan gözbaş alýar. Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan we GFR mähirli dostlar we ygtybarly hyzmatdaşlardygyny subut etdiler. Iki döwletiň Baştutanlarynyň dostlukly ýurtlara geçiren saparlarynda gol çekilen resminamalar bolsa gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypalary ýazdy.

Ýakynda Aşgabat Aziadasynyň mahabaty GFR-iň köp adamly köçelerinde hem peýda boldy. Has takygy, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ähmiýetini artyrmak, halkara sport ýaryşyny  mahabatlandyrmak maksady bilen hem-de 2017-nji ýylyň Türkmenistanda «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň GFR-daky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) Konsullugy tarapyndan 2017-nji 1-nji maýyndan başlap, GFR-nyň Hessen welaýatynyň merkezi bolan Wiesbaden şäheriniň köpçülikleýin ulag serişdesinde (awtobus) «Turkmenistan» atly ýörite şekil ýerleşdirildi. Şu aýyň ahyryna çenli durjak mahabat şekil «Türkmenistan» diýen uly göwrümli ýazgyny, Aşgabat Aziadasynyň maksatnamasyna girizilen sport görnüşleriniň kriptogrammalaryny, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň hem-de Aziada — 2017-niň nyşanlaryny, şeýle-de ýurdumyzyň ýadygärliklerini öz içine alýar. Mahabatyň ýerli ýaşaýjylaryň ünsüni eýýämden özüne çekýändigini aýratyn nygtamaly. Bu mahabat aýyň bütin dowamynda Aşgabat Aziadasynyň Ýewropadaky nobatdaky ädimi bolar.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь