Последние новости

Архив новостей

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Daşoguz Halkara howa menzili açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

0
2401
Телефон:
+993 322 9-11-00, 9-00-58, faks belgisi: 9-03-31.
Последнее обновление:

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Daşoguz Halkara howa menzili howa gämilerine hyzmat edýän tehnikalara we ýörite awtoulaglara zerur bolan «Lektro AP8950SDB-AL-200» kysymly howa gämisiniň çekijisini 4V-525AH görnüşli akkumulýator batareýasy we «Orbiter 7,5 D» kysymly lentaly transportýory selenoid klapany bilen milli manatda öz serişdesiniň hasabyna üpjün edip biljek edaradyr kärhanalary hem-de telekeçileri seçip almak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan edara-kärhanalar, telekeçiler çagyrylýar (Ofşor zolaklarda bellige alnan ýuridik şahslaryň teklipleri kabul edilmeýär).

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden edilýän talaplar:

— bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly;

— şertnamanyň esasy şertlerini we tehniki tabşyrygy almaly.

Töleg geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar şu habar çap edilenden soň 30 (otuz) günüň dowamynda her gün sagat 16:00-a çenli kabul edilip, ertesi güni sagat 10:00-da geçiriljek bäsleşigimize gatnaşmaga çagyrýarys.

Ýokarda agzalan möhletden soň berlen teklipler kabul edilmeýär.

Bäsleşik üçin doly teklipler sürgüç möhür bilen tassyklanan bir sany ýapyk bukjada Halkara howa menziliniň umumy bölümine ugradylmaly. Bukjada sowalnamanyň, şertnamanyň şertleriniň («Word» formatda) hem-de tehniki-ykdysady ýöritenamanyň («Excel» formatda) elektron görnüşiniň bolmagy hökmanydyr.

Anyk maglumatlary almak üçin Daşoguz Halkara howa menziline şu telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilersiňiz: +993 322 9-11-00, 9-00-58, faks belgisi: 9-03-31.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме