Последние новости

Архив новостей

Daşoguz welaýat häkimligi Saglyk merkeziniň gurluşygyna potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

0
2107
Адрес:
Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy.
Телефон:
800322 9-03-02, faks belgisi: 800322 9-03-14.
Последнее обновление:

Daşoguz welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Daşoguz şäherinde gurulýan ýaşaýyş jaýlar we desgalar toplumynyň çäginde gurulmaly Saglyk merkeziniň gurluşygyna potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 30-njy iýulyna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Salgysy: Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 800322 9-03-02, faks belgisi: 800322 9-03-14.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме