Последние новости

Архив новостей

Daşoguz welaýat häkimligi «Merkez-3» ýaşaýyş jaý toplumynyň 8 sany ýyladyş azanhanasynyň durkuny täzelemek boýunça bäsleşik yglan edýär

0
4947
Адрес:
Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy
Телефон:
9-03-02, 9-03-14, faks: 9-30-85.
Последнее обновление:

Daşoguz welaýat häkimligi Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň «Merkez-3» ýaşaýyş jaý toplumynyň kuwwaty 61,90 Gkal/sag 8 sany ýyladyş azanhanasynyň durkuny täzelemek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Daşoguz welaýat häkimligi Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýynda ýerleşýän welaýat häkimliginiň edara binasynda size teklip edýär:

— gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 9-03-02, 9-03-14, faks: 9-30-85.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме