Последние новости

Архив новостей

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edildi

0
2240
Адрес:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.
Телефон:
39-46-39; 39-46-38, 39-46-32.

1. LOT ¹ 73.
Ýokanç keseller merkezleri müdiriýetiniň binalarynyň ýyladyjy ulgamlaryndaky 2 sany suw gyzdyryjy gazan hem-de suw sorujylar üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

2. LOT ¹ 84.
«Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň şäheri yşyklandyryş müdirliginiň Aşgabat şäherini yşyklandyryş ulgamy üçin elektrik enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Energetika ministrligi.

3. LOT ¹ 146.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň gulluk atlary üçin ot-iýimleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

4. LOT ¹ 151.
Türkmenistanyň Goranmak ministrligi üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

5. LOT ¹ 152.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň tabynlygyndaky harby bölümleriň binalary hem-de desgalary üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

6. LOT ¹ 153.
Serhet gullugynyň birikmelerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýangyn söndüriji enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

7. LOT ¹ 157.
Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherçesiniň binalarynda we desgalarynda arassaçylyk-gigiýena düzgünlerini talabalaýyk berjaý etmek üçin himiki serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

8. LOT ¹ 180.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine degişli Garaşsyzlyk şaýolunyň 19, 19/1, S.Türkmenbaşy şaýolunyň 144, 158, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 118, 120 hem-de 1943-nji köçäniň 36-njy ýaşaýyş jaýlaryndaky ýangyna garşy habar beriji ulgamlarda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.

9. LOT ¹ 212.
«Balkanwelaýatagyzsuw» birleşigine degişli agyz suw desgalaryny durnukly we bökdençsiz işletmek üçin dizel generatorlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

10. LOT ¹ 213.
Daşoguz welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň awtoulaglary üçin dürli ölçegdäki tekerleri we akkumulýator batareýalaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

11. LOT ¹ 224.
TGM-niň degişli awtoulag tehnikalaryna ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

12. LOT ¹ 226.
Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherçesiniň dolandyryş müdirligine degişli UPS enjamlaryna hyzmat etmek we bejeriş işlerini geçirmek.
Buýrujy: Aşgabat şäher häkimligi.

13. LOT ¹ 227.
Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherçesiniň dolandyryş müdirliginiň binalaryndaky we desgalaryndaky UPS enjamlarynyň üznüksiz tok çeşmesi üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

14. LOT ¹ 228.
Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherçesiniň dolandyryş müdirliginiň binalarynyň we desgalarynyň elektrik üpjünçilik ulgamlarynda barlag-synag işlerini geçirmek.
Buýrujy: Aşgabat şäher häkimligi.

15. LOT ¹ 229.
Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherçesiniň dolandyryş müdirliginiň binalarynda hem-de desgalarynda ornaşdyrylan bug gazanlaryna tehniki hyzmat etmek we abatlaýyş işlerini geçirmek.
Buýrujy: Aşgabat şäher häkimligi.

16. LOT ¹ 230.
Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherçesiniň binalarynyň hem-de desgalarynyň aýnalaryny, mermerlerini, üçeklerini ýuwmak we arassalamak.
Buýrujy: Aşgabat şäher häkimligi.

17. LOT ¹ 236.
Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginde gurlan täze, döwrebap obany elektrik energiýasy bilen üpjün edýän «Gülüstan — 110/35/10 kW» elektrik bekediniň gurluşyk işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

18. LOT ¹ 237.
Gullugyň Gökdepe etrabynda ýerleşen binalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

19. LOT ¹ 238.
Gullugyň Köýtendag etrabynda ýerleşen binalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

20. LOT ¹ 239.
Gullugyň Serhetabat şäherindäki binalarda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

21. LOT ¹ 240.
Gullugyň Magtymguly etrabynda ýerleşen binalarda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

22. LOT ¹ 241.
Gullugyň Gökdepe etrabynda ýerleşen binalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

23. LOT ¹ 244.
Gullugyň Magtymguly, Kerki etraplarynda ýerleşen binalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

24. LOT ¹ 245.
Gullugyň Ahal welaýatynyň günbatarynda ýerleşen meýdanynda damjalaýyn suwaryş ulgamynyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

25. LOT ¹ 248.
TGM-ne degişli awtoulag tehnikalaryna ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

26. LOT ¹ 249.
Çaphana harytlaryny we serişdelerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

27. LOT ¹ 260.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň binalaryny düýpli abatlamak hem-de daş-töweregini abadanlaşdyrmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

28. LOT ¹ 263.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini telefonlaşdyrmak maksady bilen, içerki eltiji aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: «Türkmenaragatnaşyk» agentligi.

29. LOT ¹ 265.
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Söýünaly geňeşliginiň Söýünaly obasynda iki sany täze ýerasty guýyny gazmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

30. LOT ¹ 266.
Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň Aý han geňeşliginiň çägindäki ýerasty guýyny abatlamak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

31. LOT ¹ 267.
Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň Aý han geňeşliginiň çäginde täze ýerasty guýyny gazmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

32. LOT ¹ 269.
Mary welaýatynyň «Ýolötenagyzsuw» kärhanasynyň ýanyndaky iki sany ýerasty guýyny täzeden gazmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

33. LOT ¹ 270.
Mary welaýatynyň «Ýolötenagyzsuw» kärhanasynyň ýanyndaky iki sany ýerasty guýyny abatlamak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

34. LOT ¹ 271.
Mary welaýatynyň Serhetabat şäherinde bir sany täze ýerasty guýyny gazmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

35. LOT ¹ 286.
Ministrlige degişli binalarda tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

36. LOT ¹ 291.
Gullugyň Mary şäherinde ýerleşen binalarynda gurluşyk hem-de abadanlaşdyryş işleri geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

37. LOT ¹ 292.
Gullugyň Kaka etrabynda ýerleşen desgalarynda gurluşyk işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

38. LOT ¹ 294.
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Arkaç geňeşliginiň çäginde guruljak täze, döwrebap obanyň daşky suw, lagym ulgamlarynyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

39. LOT ¹ 295.
Balkan welaýatynyň Bereket şäherinden Balkanabat şäherine çenli agyz suw geçirijini gurmak (1-nji tapgyry) üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

40. LOT ¹ 296.
Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň täze obasynyň 28-nji köçesiniň gurluşyk-gurnama işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

41. LOT ¹ 297.
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda gurulýan, kuwwatlylygy bir gije-gündizde 40 000 m3 agyz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşyk-gurnama işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

42. LOT ¹ 300.
Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Gowşut han köçesiniň ugrundaky gazanhananyň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

43. LOT ¹ 301.
Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Baýram han köçesindäki köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň bug gazanly binasy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

44. LOT ¹ 303.
Gullugyň Serhetabat şäherindäki binalar toplumynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

45. LOT ¹ 306.
Balkan welaýatynyň Gumdag şäherindäki 160 orunlyk çagalar bagy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

46. LOT ¹ 311.
«Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň binasynyň üznüksiz tok beriji enjamlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

Bäsleşik 2021-nji ýylyň 5-nji iýulynda geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. 

Telefon belgileri: 39-46-39; 39-46-38, 39-46-32.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме