Последние новости

Архив новостей

Хякимлик Дашогузского велаята объявляет тендер по выбору подрядчиков

0
6165
Телефон:
9-03-02; 9-03-14
Последнее обновление:

Daşoguz welaýat häkimligi Daşoguz şäheriniň Daşoguz, Görogly köçeleriniň ugrunda, Nurmuhammet Andalyp şaýolunyň çatrygynda hem-de S.Türkmenbaşy şaýolunyň we Ruhnama köçesiniň ugrunda gurulýan 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň daşky inžener ulgamlarynyň gurluşyk-gurnama, abadanlaşdyryş işlerini welaýatyň şäherleriniň, şäherçeleriniň, oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin maksatlaýyn ýygymlaryň hasabyna ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk işleri hakda maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 20-nji martyna, her iş güni sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 9-03-02; 9-03-14; faks belgisi: 9-30-85.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме