Последние новости

Архив новостей

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bäsleşik yglan edýär

0
334
Адрес:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy.
Телефон:
40-04-79.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Lot ¹ 1 — Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi üçin lukmançylyk sarp ediş serişdelerini hem-de barlaghana reaktiwlerini satyn almak.

Lot ¹ 2 — Ahal welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy üçin barlaghana enjamlaryny hem-de barlaghana serişdelerini satyn almak.

Lot ¹ 3 — Mary welaýat Köpugurly hassahanasy üçin lukmançylyk enjamlaryny, saglygy goraýyş maksatly hem-de lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Lot ¹ 4 — Mary welaýatynyň Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak.

Lot ¹ 5 — Mary welaýatynyň «Ene mähri» merkezi üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, resminamalar toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň goýulan gününden başlap, 25 günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär:

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 40-04-79.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме