Последние новости

Архив новостей

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bäsleşik yglan edýär

0
335
Адрес:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy.
Телефон:
40-04-79.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Lot ¹ 1 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi üçin lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Lot ¹ 2 — Baş dermanhana birleşigine saglygy goraýyş edaralary üçin derman serişdelerini satyn almak.

Lot ¹ 3 — Aşgabat şäheriniň 1-nji Saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak.

Lot ¹ 4 — Aşgabat şäheriniň 2-nji Saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak.

Lot ¹ 5 — Aşgabat şäheriniň 4-nji Saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak.

Lot ¹ 6 — Aşgabat şäheriniň 5-nji Saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak.

Lot ¹ 7 — Aşgabat şäher hassahanasy üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak.

Lot ¹ 8 — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň täze Saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we serişdeleri satyn almak.

Lot ¹ 9 — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň täze Saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we serişdeleri satyn almak.

Lot ¹ 10 — Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň täze Saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we serişdeleri satyn almak.

Lot ¹ 11 — Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň täze Saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we serişdeleri satyn almak.

Lot ¹ 12 — Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap hassahanasy üçin lukmançylyk enjamlaryny we serişdeleri satyn almak.

Lot ¹ 13 — Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Parahat geňeşliginiň çäginde täze gurulýan oba Saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we serişdeleri satyn almak.

Lot ¹ 14 — Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda guruljak täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumyndaky Saglyk merkezi üçin lukmançylyk enjamlaryny we serişdeleri satyn almak.

Lot ¹ 15 — Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 3-nji Saglyk öýi üçin ultrases barlag enjamyny satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilenden soň 30 (otuz) günüň dowamynda aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär:

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 40-04-79.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме