Последние новости

Архив новостей

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi öň yglan edilen halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

0
520
Адрес:
Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 96-njy jaýy.
Телефон:
40-71-77, 40-71-57.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Aşgabadyň panbarhat fabriginiň çäginde dokalmaýan matanyň (spanleýs) önümçiligini ornaşdyrmak boýunça öň yglan edilen halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurtly kompaniýalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, ýazmaça arza bermeli;

— bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly;

— tehniki tabşyrygy almaly;

— getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen, täjirçilik teklibini düzüp tabşyrmaly;

— bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin degişli tölegi, şol sanda 15 göterim GBüS tölemeli.

Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.

Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 25-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Bäsleşik tekliplerini aşakda görkezilen salga ibermeli: Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 96-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-71-77, 40-71-57.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме