Последние новости

Архив новостей

Хякимлик Балканского велаята объявляет тендер на строительные работы

0
7796
Адрес:
Balkanabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy.
Телефон:
(800222) 2-01-15, 2-01-04, 2-01-16

Balkan welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýat boýunça göz öňünde tutulan şu binalary gurmak üçin potratçylary seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär:

Türkmenbaşy etrabynyň Akguýy adasyndaky saglyk öýüniň durkuny tazelemek;

Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesinde 180 orunlyk çagalar bagynyň;

Türkmenbaşy etrabynyň Türkmenbaşy şäherçesinde 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň;

Balkanabat şäheriniň Nebitçiler ýaşaýyş jaý toplumynda 180 orunlyk çagalar bagynyň;

Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde 500 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň;

Serdar şäheriniň Demirgazyk — Günbatar kiçi etrapçasynda 500 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň;

Gumdag şäheriniň 25-nji ýaşaýyş jaý toplumynda 180 orunlyk çagalar bagynyň;

Bereket etrabynyň Bereket şäheriniň 12-nji etrapçasynda 500 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň gurluşyklaryny ýerine ýetirmek.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;

— soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat;

— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 5-nji iýunyna, her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar şu salgyda kabul edilýär: Balkanabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy, welaýat düýpli gurluşyk dolandyryş edarasy.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: (800222) 2-01-15, 2-01-04, 2-01-16.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме