Последние новости

Архив новостей

Türkmenistanda şekilli aýdymlaryň bäsleşigi yglan edildi

0
1687

Türkmenistanda Bitaraplyk ýyllary içinde medeniýetde, aýdym-saz sungatynda ýetilen belent sepgitleri teleýaýlymlaryň üsti bilen dünýäde giňden dabaralandyrmak, şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy, şeýle hem «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde teleýaýlymlaryň döredijilik işgärleriniň arasyndan has zehinlilerini saýlap-seçip almak, olary döredijilik işlerine höweslendirmek maksady bilen «Ýylyň şekilli aýdymy» atly bäsleşigi yglan edýär.

Bäsleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine degişli hünärmenleriň, wideoşekilli rolikleri taýýarlaýan teleoperatorlaryň, režissýorlaryň we isleg bildirýän beýleki döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilýär.

Bäsleşige gatnaşyjy 2020-nji ýylyň dekabr aýyna çenli öz düşüren şekilli aýdymlaryny döwlet komitetiniň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasyna hödürlemeli. Hödürlenýän şekilli aýdymlar döredijilik we tehniki hil taýdan ýokary derejede bolmaly we edilýän talaba laýyk gelip, teleýaýlymlarda goýbermäge ýaramly görnüşde bolmaly.

Hödürlenen işlere döredijilik, ýokary çeperçilik, reňk we yşyklandyryş aýratynlyklary, manymazmuny boýunça baha berler.

Bäsleşige hödürlenen şekilli aýdymlar ýörite düzülen döredijilik topary tarapyndan 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň birinji ýarymynda seljeriler we ýeňijiler kesgitleniler.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-20-13, 44-22-12.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

По теме
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь