Последние новости

Архив новостей

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi

0
861
Адрес:
Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 96.
Телефон:
40-71-77, 40-71-57

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Aşgabadyň panbarhat fabriginiň çäginde dokalmaýan matanyň (spanleýs) önümçiligini ornaşdyrmak boýunça öň yglan edilen halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan, ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.

Gyzyklanma bildirip, gatnaşmak isleýänleriň ählisine şu aşakdakylar teklip edilýär:

— bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça talapnama berilmeli;

— bäsleşik geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşmaly;

— dokalmaýan matanyň önümçiligini ornaşdyrmak boýunça tehniki tabşyrygy almaly;

— getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen, täjirçilik teklibini düzüp tabşyrmaly;

— bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15 göterim GBüS tölemeli.

Bäsleşik tekliplerini aşakda görkezilen salga ibermeli: Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 96.

Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.

Bäsleşik teklipleri şu ýylyň 1-nji dekabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-71-77, 40-71-57.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

По теме
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь