Последние новости

Архив новостей

Balkan welaýat häkimligi bäsleşik yglan edýär

0
12674
Адрес:
Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy
Телефон:
(800222) 2-01-15, 2-01-04, 2-00-26

Balkan welaýat häkimligi, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, Balkan welaýatynda 2019-njy ýylda gurulmaly we durky täzelenmeli durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygyna potratçyny seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Lot ¹1 — Balkanabat şäherinde 180 orunlyk mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy.
Lot ¹2 — Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesinde 180 orunlyk mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy.
Lot ¹3 — Gumdag şäherinde 160 orunlyk mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy.
Lot ¹4 — Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde 500 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep.
Lot ¹5 — Serdar şäherinde 500 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep.
Lot ¹6 — Türkmenbaşy etrabynyň Türkmenbaşy şäherçesinde 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep.
Lot ¹7 — Bereket etrabynyň Bereket şäherinde 500 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep.
Lot ¹8 — Türkmenbaşy etrabynyň Akguýy obasynda saglyk öýüniň durkuny täzelemek.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirenlerden şu aşakdaky resminamalar talap edilýär:
— gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnanlygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
— soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat;
— edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.
Bäsleşik teklipleri 2019-njy ýylyň 30-njy martyna çenli her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.
Bäsleşigiň teklipli bukjalar şu salgyda kabul edilýär: Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy. Balkan welaýat Düýpli gurluşyk dolandyryş edarasy.
Habarlaşmak üçin telefonlar: (800222) 2-01-15, 2-01-04, 2-00-26.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

По теме
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь