Последние новости

Архив новостей

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty Türkmenistanyň diplomatik gullugy üçin adminstratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuwlara kabul edýändigini yglan edýar

0
13222
Адрес:
Ашхабад, ул. Галкыныш 25.
Последнее обновление:

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatik gullugy üçin adminstratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezi aşakdaky taýýarlyk ugurlary boýunça gysga möhletli (3 aýlyk) okuwlara kabul edýändigini yglan edýar.
1. Diplomatik poçta we hat alşygy;
2. Iş dolandyryjylyk (kanselýariýa işi);
3. Arhiw işi.

Okuw merkezi diplomatik poçta we hat alşygy hem-de Arhiw işi ugurlaryna — ýokary bilimi bolan, iş dolandyryjylyk ugruna — orta hünär bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlaryny test görnüşindäki giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda, önümçilikden aýrylmak şerti bilen kabul edýär.
Dalaşgärleriň tabşyrmaly resmi kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— ýokary (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 möçberde 6 (alty) sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.
Dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary 2019-njy ýylyň 1—25-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda kabul edilýär.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2019-njy ýylyň 27-nji martynda geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça Türkmenistanyň taryhy, iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça geçirilýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan diňleýjilige kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— harby gullugy tamamlap gelenler.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме