Последние новости

Архив новостей

Lebap welaýatynyň häkimligi binalaryň we desgalaryň gurluşygyny ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

0
9997
Адрес:
Lebap welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk dolandyrmasy.
Телефон:
3-25-16, 3-20-47

Lebap welaýatynyň häkimliginiň Düýpli gurluşyk dolandyrmasy, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu aşakda görkezilen binalaryň we desgalaryň gurluşygyny ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Binalaryň we desgalaryň sanawy
1. Kerki etrabynyň (öňki Atamyrat) Gowak geňeşliginiň Gowak obasynda 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy.
2. Darganata etrabynyň (öňki Birata) Lebap şäherçesinde 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy.
3. Darganata etrabynyň Gazojak şäherçesiniň Şyharyk obasyndaky 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy.
4. Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň Akýap obasyndaky 500 orunlyk orta mekdebiniň gurluşygy.
5. Saýat etrabynyň Lebaby geňeşliginiň Guşçy obasynda 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy.
6. Hojambaz etrabynyň Tölekguýy obasynda 240 orunlyk orta mekdebiniň gurluşygy.
7. Halaç etrabynyň (öňki Garabekewül etraby) Lamma geňeşliginiň Çakmak obasyndaky 500 orunlyk orta mekdebiniň gurluşygy.
8. Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Aryk-Aýak obasynda 500 orunlyk orta mekdep.
9. Kerki şäherinde orta mekdep.
10. Döwletli etrabynyň Daşrabat geňeşliginiň Güneşli obasynda 600 orunlyk orta mekdebiniň gurluşygy.
11. Türkmenabat şäherinde bejeriş-sagaldyş hassahananyň durkuny täzelemek.
12. Garabekewül şäherinde hassahananyň durkuny täzelemek.
13. Kerki şäherinde hassahananyň durkuny täzelemek.
14. Seýdi şäherinde täze saglyk merkeziniň gurluşygy.
15. Farap etrabynyň Hojakenepsi geňeşliginiň Hojakenepsi obasynda saglyk merkeziniň durkuny täzelemek.
16. Çärjew etrabynda B.Myradow geňeşliginiň B.Mürzäýew obasynda saglyk öýüniň durkuny täzelemek.
17. Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň Aşgabat obasynda saglyk öýüniň durkuny täzelemek.
Lebap welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk dolandyrmasy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 3-25-16, 3-20-47.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

По теме
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь