Последние новости

Архив новостей

Sporta (futbol, basketbol) höwesli çagalar howlugyň!

0
8894
Последнее обновление:

2018-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin «Köpetdag» stadionynda (Kemine köç.64) irden sagat 08:00 — 10:00 çenli Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň 2011-nji ýylda doglan höwesjeň oglanlary saýlap-seçip, futbol mekdebine kabul edýändigini habar berýäris. Ýanyňyzda sport geýimleri we aýakgap, şeýle hem, saglyk hakyndaky №137 belgili kepilnama, şahadatnamanyň nusgasy we 3x4 ölçegdäki 1 surat bolmaly. 
Habarlaşmak üçin telefon: 13-22-75 

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Basketbol sport mekdebi 2009 — 2010-njy ýyllarda doglan oglan-gyzlary sportuň basketbol görnüşi bilen meşgullanmaga çagyrýar. Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň 53-nji orta mekdebiniň sport zalynda sentýabr aýynyň ýekşenbe günleri sagat 08:00-da başlanýar. 
Habarlaşmak üçin telefon: 62-67-94. 

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Futbol sport mekdebi 2018-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda sagat 09:00 — 12:00 aralygynda futbol boýunça türgenleşmäge isleg bildirýän 7 ýaşly çagalary kabul etmäge çagyrýar. Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, 5-nji etrapça. Karbyşew köçesi, mekdebara futbol sport toplumy. 

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме