Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda "Materiallaryň garşylygy" dersi boýunça Halkara açyk internet olimpiadasyna gatnaşmana çagyrýarys

0
1952
Телефон:
+99365661159
Почта:
tdbgi.resminamalar@mail.ru
"Materiallaryň garşylygy" dersi boýunça Halkara açyk internet olimpiadasy
2022-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryň talyplarynyň arasynda "Materiallaryň garşylygy" dersi boýunça Halkara açyk internet olimpiadasyny geçirer. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Siziň ýokary okuw jaýyňyzyň talyplaryny bu olimpiada gatnaşmaga çagyrýar. Bu Halkara Olimpiadasy, iki dostlukly ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda ylmy we bilim hyzmatdaşlygyny güýçlendirip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, nazary bilimlerini ýokarlandyrmagyna, amaly başarnyklaryny güýçlendirmäge we tejribe alyşmagyna kömek etjekdigine ynanýarys.

Halkara açyk internet olimpiadasynda wideo gözegçilik gurnalar we ýumuşlar olimpiadanyň geçiriljek gününde institutyň web sahypasynda ýerleşdiriler.

Halkara açyk internet olimpiadasy indiwidual olimpiada görnüşinde geçiriler.

Halkara açyk internet olimpiadasynyň resmi dilleri türkmen, rus we iňlis dilleridir.

Olimpiada her ýokary okuw jaýyndan, islendik hünärden we islendik ýylyndan gatnaşýan talyplaryň sany çäklendirilmeýär.

Halkara açyk internet olimpiadasyna gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw jaýlarynyň talyplary barada maglumatlaryny hasaba almaklyk https://tdbgi.edu.tm/Bildirisler/Bildiris-1.html hasaba alynar
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме