2016-njy ýylda Türkmenistanda 3 million düýp nahal oturdylar

0
118
0
0

Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2016-njy ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň:

ministrliklere we pudak edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine Ahal welaýatynyň  Änew we Baharly şäherleriniň aralygynda 1,5 million düýp nahalynyň;

welaýatlaryň häkimliklerine welaýatlaryň çäginde 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri ekilen bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetine  ýurdumyzyň ministrliklerini, pudak edaralaryny, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şeýle hem olaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru