Arhiw

Türkmenistanyň senagaty boýunça ýedi aýyň meýilnamasy 122,5 göterim amal edildi

21:2216.08.2015
0
1743

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynda 2015-nji ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda önüm öndürmek boýunça meýilnama 122,5 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 115,1 göterime deň boldy. Sementiň öndürilişi boýunça 106,4 göterim, magdan däl serişdeler boýunça 130,4 göterim, keramzitiň öndürilişi boýunça 116,2 göterim we gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi boýunça 107,6 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 109,1 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 101,1 göterime barabar boldy. Nah ýüplügiň öndürilişi boýunça 102,5 göterim, nah matalaryň öndürilişi boýunça 111,2 göterim, tikin we örme önümleriniň öndürilişi boýunça 106,5 göterim, ýüpek matalaryň öndürilişi boýunça 104,3 göterim, aýakgabyň öndürilişi boýunça 100,1 göterim we gön önümleri boýunça 100,2 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 112,5 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 110,8 göterime barabar boldy. Pudagyň kärhanalary tarapyndan hasabat döwründe 26 müň inedördül metr haly önümleri dokaldy we 102,4 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini 2,3 essä barabar boldy. 2015-nji ýylyň ýedi aýynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 118,6 göterim ýerine ýetirildi. Pudagyň kärhanalary tarapyndan mineral dökünleriň öndürilişi boýunça 225,9 göterim, tehniki ýoduň öndürilişi boýunça 100 göterim, tehniki uglerodyň öndürilişi boýunça 104,2 göterim we natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 115,2 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalary boýunça önüm öndürmek babatda ösüş depgini 172,4 göterime deň boldy. Tutulan balyk boýunça 196 göterim, balyk we gaýtadan işlenilip gaplanan balyk önümleri boýunça 154,1 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, baý çig mal serişdelerini özleşdirmegiň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen goşmaça çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady. Türkmenistan bolsa çig mal serişdelerine örän baýdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň okgunly ösýän gurluşyk serişdeleri senagatyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we bäsdeşlige ukyply önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmakda möhüm orun berilýändigini nygtap, kärhanalaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, marketingiň häzirki zaman usullaryny ulanmak meselelerine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň