Soňky habarlar

Arhiw

Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri duşuşdylar

18:4613.12.2022
0
29856
Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri duşuşdylar
Surat: aa.com.tr

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri duşuşdylar.

Duşuşygyň dowamynda daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn, üçtaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda türki döwletleriň, şol sanda Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) çäginde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyna ünsi çekdiler. Bu barada «Anadolu Aajansi» habarlar gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly üçtaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda ertir «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammitinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler, şeýle-de gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekiljek resminamalar barada pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň