1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan BMG-niň doly hukukly agzasy boldy.

0
825
1
0

Aşgabat, 02.03.2015. “Türkmenportal”.

23 ýyl mundan ozal 2-nji martda Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy. Şol günden başlap hem BMG bilen ysnyşykly we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk başlandy, soňra 1995-nji ýylda milletler bileleşigine agza ýurtlar Türkmenistana Bitaraplyk derejesini bermek hakyndaky teklibi biragyzdan goldadylar.

2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy “Açyk gapylar” syýasatyny ýöredýän Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklary has-da baýlaşdyran waka boldy.

2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky bölüminde Türkmenistanyň hemişelik wekilçiligi açyldy.

Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanda diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde parahatçylygy berkitmäge uly goşant goşýan ynamdar we jogapkärli hyzmatdaşy görýär. Bu Türkmenistanyň ýöredýän öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty bilen doly esaslandyrylandyr.

www.turkmenembassy.ru saýtynyň maglumatlary boýunça taýýarlanyldy.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru