Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilen raýatlarymyzyň 1029-synyň günäsi geçildi

00:2717.06.2017
0
11941

16-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ý.Berdiýew topar tarapyndan geçirilen işler barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri degişli Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, iş kesilen raýatlarymyzyň 1029-sy mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli jeza çekmekden boşadylar.

Döwlet Baştutany günäsi geçilen adamlaryň ählisiniň tussaglykdan boşadylyp, ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly hemme zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem milletiň Lideri welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň