Top.Mail.Ru

Магазины брендовой одежды Ашхабада объявляют розыгрыш призов

8
49873
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Babarozy ( 21.07.2021 )

Meniň pikirimçe- islendik brend ozüniň harydyny belli bir sosial gatlak üçin neýetläp çykarmaly we şol gatlagy "şolar üçin şu brendden başga oňaýly wariant ýogdygyny" ynandyrmaly. Meselem Ramsey- klassika eşik! Potensial ulanyjylar- 1. Döwlet işgärler, 2. Talyplar... Edil şuwagt Aşgabat şäherinde 50 000 golaý talyp bar. gel şolaryň 40% erkek bolsa onda 20 000 sany talyp oglan üçin neýetlenen hil/baha gatnaşygyny ölçemeli we şol sosial gatlak üçin gabat gelýän şertleri döredip satmaly. Galyberse-de Şugünki 20 000 sany talyp ertirki Döwlet işgärleri, diýmek eger bir gelen müşderini saklap bilseňiz onda müşderi sanyňyz ýyl saýyn artmaly. Mahabat meselesine, ýene talyplara gaýdyp gelsek, onda islendik talyp (okuwa girmänkä) giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp okuwa girmek arzuwy bar, ýa-da okap ýörkä gowy ýere işe durmak ýaly arzuwlary bolýar. şoňa göra-de mahabat edeniňizde "abbiturientler, meselem, Ramsey brendiniň harytlaryny geýseler hökman okuwa girerler" diýen pikiri mahabatlandyrmaly. (işe ýerleşmek babatynda hem şonuň ýaly mysal). Mahabatçylar berlen brendi özboluşlyja üstsnligiň talismany hökmünde kabul etsinler.... Galyberse-de müşderi okuwa (işe) girmänem biler ýöne, Ramsey-iň müşderi bolmana dowam eder, (eger müşderini saklamak ukybyňyz ösen bolsa!)

3
Sapar1808 ( 21.07.2021 )

Salam sowdada esasy reklama we harytlaryn mydama doly bolmagy, sowda nokatlarda satyjylaryn mylakatly operatorlaryn musderi bilen dil tapysyp (dogany, garyndasy, dos yary yaly) bolup gurlesip olara esik saylasmakda okde bolmagy islendik soragyna calt we durs jogap bermegi, gerekli harytlaryny calt we yokary derejede dostawka edilse, sowgatlar we aksiyalar kop edilse musderileri hasda begendirip bilerdi. Dostawsiklaryn mylakatly, gapysyna cenli eltip bermegini sazlansa we sularyn ahlisi doly yerine yetirilse sizin sowdanyz in onde baryjy bolar!!!

2
wepa1997 ( 24.07.2021 )

Islendik brendi söwda ýoluna çykarmak üçin bütin dünýä özüni tanadan brendlerden mysal almaly. söwda üçin 1-nji möhüm zat onuň hili, 2-njiden täze moda biçüwine laýyklykda çykarmak, 3-njiden mahabat, 4-njiden ýokary hilli hyzmat. Üns berseňiz dünyä belli markalary dünyä belli adamlar mahabatlandyrýar mysal üçin futbolistler, aýdymçylar. Biziň ýurdumyzdada häzirki moda laýyklykda brendleri iň görnükli owadan tanymal adamlara geýdirilip teleýaýlymlarda we internet ulgamlaryna ýaýradylsa söwda üçin 100% we ondanam köp göterimde üstünlik getirjekdigine şübhesiz ynanýaryn.

1
itdev50 ( 29.07.2021 )

1. Satyjylary mylakatly bolmaly, müşderi bilen sylaşykly gürleşmeli. Müşderi egin-eşigi satyn almasa-da “geýip göräýiň, deňäp göräýiň, halamasaňyz almaň, ýa-da soň alarsyňyz” diýen ýaly teklipler berilmeli. Mylakatlylyk, sylaşyk – bu beýlekilerden tapawutly edýän birinji faktor. 2. Türkmenportalyň makalalaryny köp adam okaýar. Türkmenportalda şol brendleriňiz barada sada dilde gürrüň berilmeli, makalalar dowamly ýerleşdirilmeli (taryhy, döreýşi, hili, tapawudy, egin-eşikleriň görnüşleri, iň köp satylýan, iň köp islenilýän harytlar we ş.m.). 3. Özüňize web-saýt açsaňyz we wagtal-wagtal utuşly aksiýalary geçirip dursaňyz. Utuşly aksiýalar barada habarlary müşderileriň elektron poçtalaryna iberip dursaňyz. Dürli sosýal ulgamlarda web-saýtyňyzy we eltip berme hyzmatlaryňyzy mahabatlandyryp durmaly. Amatly we az çykdajyly

1
itdev50 ( 29.07.2021 )

1. Satyjylary mylakatly bolmaly, müşderi bilen sylaşykly gürleşmeli. Müşderi egin-eşigi satyn almasa-da “geýip göräýiň, deňäp göräýiň, halamasaňyz almaň, ýa-da soň alarsyňyz” diýen ýaly teklipler berilmeli. Mylakatlylyk, sylaşyk – bu beýlekilerden tapawutly edýän birinji faktor. 2. Türkmenportalyň makalalaryny köp adam okaýar. Türkmenportalda şol brendleriňiz barada sada dilde gürrüň berilmeli, makalalar dowamly ýerleşdirilmeli (taryhy, döreýşi, hili, tapawudy, egin-eşikleriň görnüşleri, iň köp satylýan, iň köp islenilýän harytlar we ş.m.). 3. Özüňize web-saýt açsaňyz we wagtal-wagtal utuşly aksiýalary geçirip dursaňyz. Utuşly aksiýalar barada habarlary müşderileriň elektron poçtalaryna iberip dursaňyz. Dürli sosýal ulgamlarda web-saýtyňyzy we eltip berme hyzmatlaryňyzy mahabatlandyryp durmaly. Amatly we az çykdajyly

2
sapardurdyyewdowlet5 ( 04.08.2021 )

Men öz teklibimi bu wideonyň aşagynda ýa-da instagramda goýmagy bilmän, «Turkmenportalyn» youtube kanalyna ýazdym. Emma ýaryş tamamlansada, taýýarlan teklibim belki-de gelejekde marketing işine başlamakda we ony has-da döwrebaplaşdyrmakda peýdasy deger diýip pikir edýän hem-de şu wideonyň teswirlerine goşýaryn. Men şu teklibimi marketingi ösdürmek boýunça dünýädäki öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek arkaly taýýarladym. Bäsdeşleriňizden bir zady has arzan bahadan satyp başlamak ýa-da önümiň hil aýratynlyklaryny ýokarlandyrmaga synanyşmak ilkinji ädimleriň biri bolup biler. Şeýle-de ilki bilen maglumat giňişligine çykmak barada alada etmeli, ýagny dükanlar baradaky maglumatlary dürli internet çeşmelerinde-de we habar beriş serişdelerinde-de peýda bolmaly. Işgärleri saýlamak meselesine-de aýratyn üns çekmeli, gerek bolsa, hünärmenlere okuwlarda ýa-da degişli kurslarda goşmaça okuw geçirmeli. Müşderiler üçin höweslendiriş ulgamyny döretmeli. Mysal üçin, mugt eltip bermek hyzmaty, arzanladyş ulgamy, satyn alnan harytlaryň sanyna baglylykda aýratyn bahalary kesgitlemek. Döwrebap kompaniýalar üçin, öz bazar segmentini monopoliýa etmän, beýleki kompaniýalar bilen özara peýdaly şertlerde birleşmek we hyzmatdaşlygy berkitmek arkaly öz biznesini kämilleşdirmek has girdejili bolar. Pandemiýa döwründe müşderileri nädip saklamaly. Pandemiýada ulanyjylar bahalara we arzanlaşyklara has köp üns berýärler, şeýlelik-de harydyň bahasy we hyzmatlar brend saýlamakda esasy faktorlaryň biri bolar. Emma baha, müşderileri çekmek üçin, ýeke-täk zat däl. Beýleki möhüm faktorlar amatlylyk, hili we goşmaça mümkinçilikler ýa-da bonuslar bolup biler. Pandemiýa marketolog hünärini kämilleşdirmäge getirdi, ýagny mahabat kampaniýalaryň netijeligine düşünmek üçin bu hünär analitiki (seljeriji) başarnyklary talap edýär. Yzygiderli okuw geçmek we başarnyklaryny, çeýeligini, maglumatlar bilen işlemek ukybyny ýokarlandyrmak – marketologlaryň esasy ugurlarydyr. Şeýle hem telekeçilik ukybyny diňe bir brendi mahabatlandyrmak däl-de, umumy biznes nukdaýnazaryndan peýdalanmaly. Marketing strategiýasyny döretmek barada aýdylanda, birnäçe möhüm pursatlary bellemeli: • Brendleriň ulanyjylaryny yzarlamaly we belli bir önüme islegiň tendensiýalaryna eýermelidir. Brendleriňizi müşderileriň satyn almak niýetine gönükdirmek möhümdir. • Habar beriş serişdeleriniň dinamikasyna-da gözegçilik edilmelidir. Şeýle-de bolsa, müşderileriň dürli toparlary üçin maglumat çeşmeleriniň täsiriniň tapawutlydygyny ýatdan çykarmaly däldir. • Marketing awtomatizasiýasy marketing maýa goýumlaryny ýokarlandyrmaga kömek eder. Bu müşderileri segmentlemek (bölmek) we hersine baha bermek hakynda. Söwda marketinginiň 7 möhüm strategiýasy bolup biler: 1. Sergiler – brendleriň tanalmagyny has-da ýokarlandyrmak üçin iň amatly gurşawdyr. 2. Söwda aksiýalary – döredijilik mahabat aksiýalary we dürli görnüşli höweslendirmeler müşderileri begendirip we gaýtadan satyn alyşlaryny ýokarlandyryp biler. Munuň esasy, adamlar aýratyn garaýyşlary gowy görýärler. 3. Söwda žurnallary we web sahypalary – Mahabatlar we makalalar siziň brendleriňize has köp üns çeker. Mahabatlar pul sarp edip biler, ýöne olary ýygnamak üçin çaklamaly. Bu aralykda, olar biznesiňize ygtybarlylyk we ynamlylyk berer. 4. Brending – elbetde marketing hakykatdanam işleýär, haçanda önümiň aňyrsynda güýçli brend bar bolsa. Üpjünçilik zynjyryndaky hyzmatdaşlar çalt pul gazanmak islemeýärler. Olara, sarp edijileriň köp wagtlap satyn aljak önümlerini isleýärler we müşderiniň ygrarlylygy diňe akylly brend bilen gelýär. 5. Strategiki hyzmatdaşlyk – umumy maksatlara ýetmek arkaly utulyşsyz ýagdaý döretmek. Gatnaşyklar möhüm häsiýete eýedir. Öndürijiler üpjünçilik zynjyryndaky hyzmatdaşlary bilen, ähli ugurlar boýunça gatnaşmaga çalyşmalydyrlar. Bu, umumy tygşytlylygy gazanmak üçin, ýük ugratmak we ätiýajyny dolandyrmak ulgamlarynyň ylalaşygydyr. Hatda mahabat kampaniýalaryna gatnaşmak we marketing materiallaryny paýlaşmak bolar. 6. Häzirki döwrüň bazaryny öwrenmek. Bilim – üpjünçilik zynjyryndaky hyzmatdaşy bilen, girdejili hyzmatdaşlygy gurmagyň açarydyr. Ondan gutulyp bolmaýar - maglumat güýç, şonuň üçin maglumatlar biznesde örän möhümdir. Öndürijiler öz önümlerine, bazaryna we alyjylaryna näçe gowy düşünseler, şonça-da olara şu ýagdaý gowy bolar. Olar has gowy önümleri we has gowy marketing döredip bilerler. 7. Sanly marketing. Elbetde, söwdagärler döwre görä ýöremeli. Söwda marketing strategiýalarynyň köpüsi, Internetde durmuşa geçip biler, edil sarp edijiler üçin sanly marketing ýaly. Söwda marketologlar potensial müşderileri bilen sosial media, e-poçta we kontent-marketingi arkaly aragatnaşyk saklamaly. Söwda marketologlary esasy üç maksady – web sahypalary, e-poçta hatlary, sosial medialardaky marketing üçin platformalary. Sarp edijiler üçin söweş meýdany indi onlaýn bolandygyna şübhe ýok. Söwda marketing gurallary. Sanly söwda marketingi barada aýdylanda, size täsirli web sahypasy, dürli sosial media platformalary we e-poçta marketing programma üpjünçiligi gerek bolar. Fiziki söwda marketing gurallary üçin - afişalar, displeý tagtalary, bannerler, broşýuralar, wizit kartoçkalar döretmek oňyn netijeleri berer. Söwda marketing gurallary işlenende olar adaty däl bolsun, beýlekilerden tapawutlanmaga synanyşyň. Ýadyňyzdan çykarmaň, önümiňiziň hili hemişe birinji orunda durmaýar. Esasy siziň söwda marketing kampaniýalaryňyz ýatdan çykmaz ýaly bolmaly. Teklibimi jemlemek bilen, marketing boýunça ýokarda bellenip geçilen, ýagny web sahypalarynda mahabatlandyrmak strategiýasynda «TURKMENPORTAL» bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk saklamagy teklip edýärin, sebäbi ol biziň iň ygtybarly maglumat çeşmämizdir. Şeýle hem, «TURKMENPORTAL» siziň brendleriňizi gysga wagtda tanalmagyny has-da ýokarlandyrar. S.Döwlet

0
По теме