Top.Mail.Ru

Latest News

News Archive

Государственный драматический театр Марыйского велаята имени Кемине

0
137618
Address:
г.Мары ул., Говшут хан 14
Phone:
8005-22-6-77-41, касса 6-97-92, 6-98-28
Last update:

Teatryň salgysy: Mary şäheriniň Gowşut han köçesiniň 14-nji jaýy.

Teatryň telefon belgileri: kabulhana 8005-22-6-77-41, kassa – 6-97-92, 6-98-28. 


Türkmen halkynyň söýgüli şahyry Mämmetweli Keminäniň adyny göterýän Marynyň döwlet drama teatry ýurdumyzda iň bir söýgüli, baýry, teatrlaryň biridir. 1937-nji ýylda Mary döwlet drama teatryny açmak barada ilkinji guramaçylyk işlerden başlanýar. 1938-nji ýylyň 18-nji martynda teatryň sahnasynda ilkinji gezek Alty Garlyýewiň «Aýna» dramasy toma şaçylara görkezilýär. Şondan soň teatryň her baran obasy uly şatlyga, toý-dabara öwrülýär. Teatryň ilkinji çeper ýolbaşçysy Seýit Emirow bolupdyr. Şol ýyllar belli ýazyjylarymyz Ata Gowşudowyň, Towşan Esenowanyň, Arap Gurbanowyň eserleri sahnalaşdyrylyp halk köpçüligine hödürlenilýär. 

Ýaňy işini şowlulyk, ussatlyk bilen ýola goýup ugran ýaş teatryň döredijilik ýoly Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelýär. Teatryň birnäçe artistleri hem Watan goragy üçin söweşe gidýärler. Şol 1941-1945-nji ýyllaryň hupbatly, kynçylykly döwründe hem teatr öz işini togtatmaýar hem halka hyzmat etmegini dowam etdirýär. Bu döwürde sahnalaşdyrylan Bazar Amanow bilen Garaja Burunowyň «Keýmir kör», Berdi Kerbabaýewiň «Watana bolan söýgi», Wladimir Solowýewiň «Front», Agahan Durdyýewiň «Partizanka» ýaly sahna eserleri tomaşaçylaryň ýaraly göwünlerine seýik bolýar, olaryň kalplarynda ýeňiş gazanyljakdygyna umyt, ynam döredýär.

Soň 1946-1955-nji ýyllarda B.I.Podgurski ýolbaşçylyk edip, Türkmenistanyň belli professional teatr sungatynyň düýbüni tutujylary Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Alty Garlyýew ýaly sahna ussatlarynyň Aşgabatdan ýörite teatra çagyrylmagy, ýaş artistlere sapaklary we maslahatlary bermegi teatryň döredijilik işiniň ilerlemegine uly täsir edýär. Şol ýyllar tomaşaçylaryň ýadynda galan A.Annanurowyň «Aldarköse», G.Muhtarowyň «Allan agaň maşgalasy», A.Garlyýewiň «Japbaklar», Mollýeriň «Zoraýakdan tebip bolan» pýessalary sahnalaşdyrylýar we halk köpçüligine hödürlenilýär. Teatra görnükli režissýor Meret Atahanowyň 1956-njy ýylda režissýor bolmagy bilen G.Omarowa, R.Latypowa, E.Jumadurdyýewa, E.Allanowa ýaly birnäçe zenan artistleriň ýüze çykmagyna uly ýardam edýär. 1959-1967-nji ýyllarda ýokary bilimli artistleriň, režissýorlaryň birnäçesiniň teatra işe gelmegi bilen teatryň döredijilik işiniň gülläp ösmegine getirýär. Söýgüli artistlerimiz A.Hümmedow, B.Gurbanow, T.Gutlyýew, A.Abdyýew, S.Altyýew, S.Hojagulyýew, zehinli režissýorlar Ç.Myradow, Ç.Mommadow, A.Ýakubow, D.Öräýew, A.Kömekow şol ýyllarda döredijilik işine başlap, teatryň ösmegine uly ýardam berýärler. 

Teatra Çary Myradowyň ýolbaşçylyk etmegi bilen tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanylan ençeme spektakllar sahnalaşdyrylýar. Hamza Hakimzadanyň «Maýsaranyň mekirligi», T.Taganowyň «Syrly sowgat», Gogolyň «Öýlenmek», A.Esenowyň «Padymanyň gyzy», U.Gadjybekowyň «Arşin mal alan», R.Tagoryň «Gangaly gyz», T.Taganowyň «Yşk mülküniň şasy», K.Gurbannepesowyň «Taýmaz baba» we başga-da birnäçe ýokary çeperçilikli spektakllar hut şol ýyllar dünýä inýär, birnäçe artistlerdir režissýorlar taplanýar, kämilleşýär. Döredijilik toparynyň ýokary derejelere ýetmeginde teatryň dünýä klassykasynyň, ýagny R.Tagoryň, A.Ostrowskiniň, K.Goldaniniň, A.Kahharyň, K.Terenwiň, N.Gogolyň eserleri uly mekdep bolýar. 1969-1979-njy ýyllarda Moskwanyň, Daşkendiň teatr institutlaryny tamamlap gelen ýokary bilimli režissýorlar D.Öräýew, A.Ýakubow, Ç.Mommadow, A.Kömekow we beýlekiler belli ýazyjylarymyz M.Baýjaýewiň «Duel», Ç.Aşyrowyň «Ganly saka», B.Pürliýewiň «Nebsewür», «Wyždan», A.Atajanowyň «Dost ýakynmy, dogan?!» ýaly eserleri sahnalaşdyrylyp, bu spektakllar tomaşaçylaryň ýüreklerine aralaşýarlar. 

Türkmenistanyň halypa, ussat, belli režissýorlarynyň ählisi diýen ýaly öz döredijilik ýollaryny Marynyň Kemine teatryndan başlandyklaryny bellemek örän ýakymlydyr. Olardan režissýorlar A.Ýakubowyň, Ç.Myradowyň, A.Kömekowyň, M.Atahanowyň, K.Aşyrowyň, T.Mämmetweliýewiň, G.Hojyýewiň atlaryny guwanç bilen agzamak mümkin. 

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Marynyň Kemine adyndaky Türkmen döwlet drama teatrynyň sahnasynda mähriban Watanymyzyň günsaýyn pajarlap ösýän döwrüni wasp edýän, ýaşlara watançylyk, päk ahlaklylyk, zähmetsöýerlik terbiýesini bermekde uly ähmiýeti bolan ençeme spektakllar sahnalaşdyryldy. Dramaturglar A.Mämiliýewiň «Ilim-günüm bolmasa», D.Öräýewiň «Leýli — Mejnun», G.Daňatarowyň «Kemine», N.Söýünowyň «Gülnar jan», M.Ömüriň «Sargyt», B.Abdyllaýewiň «Ýegşerme goja, ýegşerme» spektakllary teatr tomaşaçylarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.  

Häzirki döwrüň täzeçe pikirlenmäge, işlemäge we döretmäge bolan talabyna laýyklykda spektakllar sahnalaşdyrylýar. Sahna oýunlarynda watançylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik temasy eriş-argaç bolup durýar. Muňa mysal edip, dramaturglar B.Gurbanow bilen H.Akyýewiň «Babagammar», H.Bäşimowyň «Ýigidiň daýysy bar», G.Muhtarowyň «Japbaklar», A.Hojamyradowyň «Hatamtaý», G.Daňatarowyň «Nesip etse äriňdirin» spektakllaryny belläp geçmek talaba laýyk bolar. Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soňra 2006-njy ýylyň oktýabr aýynda teatryň täze binasy gurulyp doly ulanylmaga berildi. Teatr Mary şäherinde 8400 inedördil metr bolan meýdanda 500 orunlyk edip guruldy. Teatrda zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilen. Teatrda döredijilik toparyň güýji bilen Watanymyzy, Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni hem-de türkmen döwletimiziň taryhyny açyp görkezýän birnäçe spektakllar sahnalaşdyrylyp halk köpçüligine hödürlendi. Şeýle hem teatrymyzda 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriniň sahna ussatlarynyň IV maslahaty şeýle hem TÜRKSOÝ-a agza döwletleriniň we ýurdumyzyň teatr toparlarynyň sahna oýunlarynyň görkezilişi boldy. Çünki bu ojakda türkmeniň teatr sungatyny belende götermekde uly hyzmatlary bitiren sahna ussatlarynyň ençemesi ýetişdi. Biregne otuz ýyla basalykly wagtyň dowamynda teatra ýolbaşçylyk eden Ýazmuhammet Kulyýew, Bally (Abdylla) Ýakubow, Meret Atahanow, Gulkişi Gulmyradow, Baýram Gurbanow, doganlar Berdi, Bäşim Mollaýewler, Akmyrat Hümmedow, Kakajan Akmyradow, Sabyr Annagylyjowa, Oguljeren Gurbangeldiýewa, Gerek Omarowa, Gözel Gurbanowa ýaly ussatlar bu ýerde zähmet çekmek bilen, teatryň abraýyny arşa göterdiler. Halypalar tarapyndan taýýarlanan nusgalyk sahna eserleri häzir hem halkymyzyň hakydasynda ýaşaýar. Teatr muşdaklary, esasan-da, Gündogar edebiýatynyň şamçyragy, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Çary Myradowyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan «Kökenli ýüzük» oýnuny ýygy-ýygydan ýatlaýarlar. Onda Magtymgulynyň keşbini döreden Berdi Mollaýewi, Meňliniň keşbinde çykyş eden Nurgözel Nagdowany ýagşylykda ýatlap, olar özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirendiklerini aýdýarlar. 

«Yşk mülküniň şasy» Mollanepes şahyryň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlanyp sahnalaşdyrylan eseriň-de şowly çykandygyny teatr muşdaklary dillerinden düşürenoklar. Şol sahna eserinde Mollanepes şahyryň keşbini Ataguly Abdyýew, Bossantäjiň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Gerek Omarowa ussatlarça janlandyrýarlar. 

Teatrda gülküli sahna eserleri-de yzygiderli sahnalaşdyrylyp gelinýär. Halypa artist Akmyrat Hümmedowyň, onuň şägirdi Täçmyrat Saryýewiň we beýlekileriň gatnaşmagynda halk köpçüligine ýetirilen «Söýmedige süýkenme», «Derdeser», «Nebsewür» ýaly şowly çykan gülküli sahna eserleri teatr muşdaklarynyň aňynda heniz-henizlerem ýaşaýar. «Söýmedige süýkenme» atly oýunda Godalak baýyň, «Derdeser» atly sahna eserinde maşyn eýesiniň keşbini döreden ussat halypa Akmyrat Hümmedowyň sahna hereketleri göz öňünden kino lentasy ýaly bolup geçse, onuň her bir keşbe degişli aýdan gülküli sözleri gulagyňda ýaňlanýar. «Kökenli ýüzük» sahna eserinde Berdi Mollaýew döredijiligi düýpsüz ummana deňelýän Magtymguly Pyragynyň goşgularyny, esasan-da şahyryň «Türkmeniň» atly goşgusyny okaýşynyň täsirini söz bilen beýan edip bolmaýar. Beýle hadysa tebigy zehin bilen artistiň öz kärine bolan söýgüsiniň we yhlasynyň sazlaşygynda bolup geçýär. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda bu teatryň täze bina göçürilmegi onuň artistleriniň döredijilikli zähmet çekmeklerine giň mümkinçilik döretdi. Welaýat merkezi Mary şäheriniň gözel künjeginde gurlan teatryň ajaýyp binasy töweregindäki beýleki döwrebap köşgi-ymaratlar bilen sazlaşyp, şähere görk berýär. Binanyň töweregi saýaly baglar, owadan güller, suw çüwdürimleri bilen gurşalan bolsa, onuň içiniň gözelligi-de üýtgeşik täsir galdyrýar. Bina gireniňden gabat garşyňdaky diwarda hormatly Prezidentimiziň teatr işgärleri bilen bile düşen suratynyň görnükli edip ýerleşdirilmegi buýsanjyňy artdyrýar. Biri beýlekisinden owadan kaşaň çyralaryň älemgoşar öwüşgünli yşyklary gözüňi gamaşdyrýar. Binanyň ikinji gatynda Kemine şahyryň heýkeli ýerleşdirilen 500 orunlyk owadan sahna ruhuňy göterýär. Artistleriň, režissýorlaryň, saz, sahna, yşyk bezegçileriniň, suratkeşleriň döredijilikli işlemegi, olaryň işden boş wagty dynç almagy üçin ýokary derejede şertler döredilen. 

Teatryň artistleri, döredijilik işgärleri halypalaryň miras goýan sungatyny mynasyp dowam etdirýärler. Olar hemişe gözlegde bolup, ilhalar eserleri sahnalaşdyrýarlar. Sahnada goýulýan her bir eseriň şowly çykmagynda halypa-şägirtlik ýolunyň ähmiýetiniň uludygyny sahna ussatlary buýsanç bilen belleýärler. Bu sungat ussatlarynyň mekdebinde halypalyga ýetişen artistler barmak büküp sanardan kän. Olardan Orazjemal Hotjyýewany, Enejan Akmyradowany, Muhammet Nazzyýewi, Tirkişmuhammet Rüstemowy, Nurbibi Nazarowany, Kakageldi Garajaýewi görkezmek bolar. Olaryň ählisi-de halypalaryň beren öwüt-ündewlerine, sargyt-pentlerine eýerip, tejribelerini artdyrdylar, hünärlerini kämilleşdirdiler, hormatly atlaryň eýeleri boldular. Mollanepes şahyryň doglan gününiň 200 ýyllygy mynasybetli teatryň artisti Enejan Akmyradowa özüniň «Yşkyň ummanyndan küreksiz» atly ilkinji drama eserini ýazdy. Şol sahna eseri hem teatrda öňki sahnalaşdyrylan oýunlaryň üstüni ýetirdi. Teatryň döredijilik işgärleri tarapyndan sahnalaşdyrylan «Ojagyň ody» oýny sahnadan düşmän gelýär. «Mälik şa» taryhy sahna eseri teatr muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. 

Milli mirasymyza we edebiýatymyza uly sarpa goýýan teatryň döredijilik işgärleri şadessanlarymyza, nusgawy we dünýä edebiýatynyň genji-hazynasy bolan gymmatly eserlerimize yzygiderli ýüzlenýärler. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň teatrlaryna «Görogly» şadessanyny sowgat bermegi bu teatryň hem döredijilik adamlarynyň ylhamyny joşdurdy. Olar bu şadessanymyz bilen baglanyşykly sahna eserlerini taýýarlap, halk köpçüligine ýetirdiler. «Görogly» şadessany esasynda teatrda «Öwez öýlenen» hem-de «Gyrat» ýaly oýunlar sahnalaşdyryldy. 

«Görogly» dessançylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bu sungat ojagynyň işgärlerini-de täze döredijilik gözleglerine atardy. Olar bu şatlykly wakadan hem-de 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýip atlandyrylmagyndan ruhlanyp, ýene-de «Görogly» şadessanyna ýüzlendiler. Olar Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyny dabaralandyrmak we şu ýylda Mary welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine taýýarlygyň çäklerinde dramaturg Myrat Ömüriň «Ata pendi» atly täze oýnuny sahnalaşdyrdylar. Bu sahna eserinde Göroglynyň döreýşi, Jygalybegiň öz perzendine öwüt-ündewleri, sargytlary beýan edilýär. Şonuň ýaly-da, bu eserde gadymyýetden bäri dowam edip gelýän milli däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz, amaly-haşam we bagşyçylyk sungatymyz öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda teatryň artistleri ýerlerde bolmak bilen, milli toý däp-dessurlarymyzy, toý aýdymlarymyzy, bagşyçylyk sungatymyzy ilik-düwme öwrenýärler. Olary täze röwüşler bilen baýlaşdyrmaga çalyşýarlar. 

Beýik sahna ussatlaryň, dramaturglaryň, režissýorlaryň, hudožnikleriň birnäçesiniň döremegini gazanan Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry Watanymyzyň ösüşini, özgerişini janlandyrjak kämil eserleri bilen täze üstünliklere sary ugur alýar.


If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter

Comments
To leave a comment, log in or register
By topic