News Archive

Daşoguz welaýat häkimligi düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

0
9297
Address:
Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy.
Phone:
9-03-02, 9-40-81; faks belgisi: 9-03-14.
Last update:

Daşoguz welaýat häkimligi 2024-nji ýyl üçin medeni we durmuş maksatly desgalary düýpli abatlamak boýunça Döwlet býujeti tarapyndan goýberilen maliýe serişdeleriniň öz wagtynda we talabalaýyk özleşdirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Daşoguz şäherindäki 7-nji, 31-nji, 32-nji, 35-nji orta mekdeplerde hem-de 16-njy, 26-njy we 35-nji çagalar baglarynda, Şabat etrabyndaky 3-nji, 4-nji, 13-nji, 14-nji, 28-nji, 34-nji, 39-njy, S.Türkmenbaşy etrabyndaky 54-nji, 55-nji, 56-njy, Akdepe etrabyndaky 14-nji, 59-njy we 112-nji orta mekdeplerinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;

— soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;

— edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2024-nji ýylyň 3-nji fewralyna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Salgysy: Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy —  welaýat häkimliginiň edara binasy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 9-03-02, 9-40-81; faks belgisi: 9-03-14.

If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter

Comments
To leave a comment, log in or register
By topic