Latest News

News Archive

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edildi

0
3980
Address:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.
Phone:
39-46-39; 39-46-38; 39-46-32.
Last update:

1. LOT ¹ 13.
Welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň etrap, şäher Jemagat hojalygy müdirlikleri üçin zerur esbaplary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

2. LOT ¹ 16.
Gulluk üçin kompýuter enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

3. LOT ¹ 22.
«Aşgabatýylylyk» tresti tarapyndan hyzmat edilýän çillerlerde abatlaýyş işlerini geçirmek üçin kompressorlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

4. LOT ¹ 25.
Ministrligiň Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş merkezine enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

5. LOT ¹ 29.
Olimpiýa şäherçesiniň binalaryndaky we desgalaryndaky LED çyralara tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Aşgabat şäher häkimligi.

6. LOT ¹ 31.
Olimpiýa şäherçesiniň binalaryndaky we desgalaryndaky gaz bilen işleýän suw gazanhana jaýlaryna tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Aşgabat şäher häkimligi.

7. LOT ¹ 32.
Olimpiýa şäherçesiniň binalaryndaky we desgalaryndaky üznüksiz tok bilen üpjün edýän enjama tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Aşgabat şäher häkimligi.

8. LOT ¹ 35.
Olimpiýa şäherçesiniň binalarynyň we desgalarynyň dizel-generatorlaryna tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Aşgabat şäher häkimligi.

9. LOT ¹ 36.
Olimpiýa şäherçesiniň binalarynyň we desgalarynyň elektrik ulgamlarynyň profilaktiki synag işlerine tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Aşgabat şäher häkimligi.

10. LOT ¹ 44.
Şäheriň ýylylyk desgalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

11. LOT ¹ 45.
«Aşgabatýylylyk» trestiniň ýylylyk ulgamlarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

12. LOT ¹ 63.
Türkmenbaşy şäherindäki 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň daşky suw geçirijisiniň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

13. LOT ¹ 64.
Türkmenbaşy şäherindäki 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň daşky gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

14. LOT ¹ 74.
Gullugyň binalarynda möwsümleýin bejergi işlerini geçirmek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

15. LOT ¹ 108.
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň 1500 gektar meýdanynda ekerançylyk ýerleriniň toplumlaýyn durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti.

16. LOT ¹ 110.
Balkanabat şäheriniň yşyklandyryş nokatlary üçin zerur bolan harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Energetika ministrligi.

17. LOT ¹ 118.
Müdiriýete degişli liftlere tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti.

18. LOT ¹ 156.
Ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin kompýuter enjamlaryny we serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

19. LOT ¹ 157.
Türkmenabat şäherinde guruljak awtomenzile barýan ýoluň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

20. LOT ¹ 158.
Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesindäki güýjenmesi bir gije-gündizde 30 000 kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desga üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

21. LOT ¹ 166.
Ministrlik üçin ykjam el telefonlaryny (smartfon) satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

22. LOT ¹ 170.
Gullugyň edara binasyny üznüksiz tok çeşmesi bilen üpjün edýän (UPS Teskom: DS 160) enjam üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi.

23. LOT ¹ 185.
Serwer enjamyna programma üpjünçiligini gurnamak.
Buýrujy: Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti.

24. LOT ¹ 189.
Türkmenabadyň Halkara howa menziline barýan awtoulag ýolunyň ugrunda gurulýan 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýynyň 40-synyň daşky eltiji agyz suw, lagym ulgamlary üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

25. LOT ¹ 190.
Çärjew etrabynyň Bitik geňeşliginde ýerleşýän, güýjenmesi bir gije-gündizde 25 000 kub metr bolan suw arassalaýjy desgadan etrabyň ilatly nokatlarynyň suw üpjünçiliginiň, Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesinde täze gurulýan lagym sorujy bekediň gurluşyklary üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

26. LOT ¹ 196.
Şabat etrabyndaky 56-njy, 60-njy orta mekdeplere, Köneürgenç etrabyndaky 2-nji çagalar bagyna hem-de welaýat Jemagat hojalygy birleşigine degişli ýyladyş gazanhanalaryny düýpli abatlamak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

27. LOT ¹ 199.
Çärjew etrabynyň yşyklandyryş ulgamy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

28. LOT ¹ 201.
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň binalaryndaky liftlere tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

29. LOT ¹ 202.
Lebap welaýat kazyýetiniň edara binasynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti.

30. LOT ¹ 204.
Ministrligiň ýanyndaky «Awaza» sport toplumynyň UPS enjamlary üçin ätiýaçlyk şaýlary, «Köpetdag» sport toplumynyň myhmanhanasyna gerekli mebelleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

31. LOT ¹ 206.
Ýokary kazyýetiň edara binasynyň bug gazanlary, sowadyjy hem-de howalandyryjy ulgamlary üçin ätiýaçlyk saýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti.

32. LOT ¹ 208.
Babadaýhan etrabynyň Ýarygökje geňeşliginde gurulýan 960 orunlyk orta mekdebiň elektrik üpjünçiligi üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

33. LOT ¹ 209.
Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde gurulýan 640 orunlyk orta mekdebiň daşky eltiji elektrik ulgamynyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

34. LOT ¹ 212.
Balkanabat şäheriniň Jebel — Hazar suw geçirijisini düýpli abatlamak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

35. LOT ¹ 215.
Ministrligiň zerurlygy üçin meýdan kabelini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

36. LOT ¹ 224.
Şäheriň «Parahat — 7/1» ýaşaýyş toplumynda 9 gatly, 54 öýli we «Parahat — 7/3» ýaşaýyş toplumynda 9 gatly, 108 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

37. LOT ¹ 232.
Baýramaly şäherinde 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

38. LOT ¹ 281.
Tehniki bina üçin ýük göteriji lifti satyn almak we gurnamak.
Satyn alyjy: degişli döwlet edarasy.

39. LOT ¹ 284.
Türkmengala etrabyndaky güýjenmesi bir gije-gündizde 25 000 kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

40. LOT ¹ 287.
Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň Bir bitewi döwlet sanawynyň programma üpjünçiligini, şeýle hem degişli döwrebap enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Adalat ministrligi.

Bäsleşik 2023-nji ýylyň 29-njy maýynda geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. 

Telefon belgileri: 39-46-39; 39-46-38; 39-46-32.

If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter

Comments
To leave a comment, log in or register
By topic