Latest News
News Archive
Turkmen-indian center of information technologies
Maglumat tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezi “Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ähtnama” esasynda, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 26-njy awgustynda çykaran “Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezini döretmek hakynda” 11803-nji Kararyna laýyklykda döredildi.
Merkez bilim beriş edarasydyr, onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Bilim ministrligi bolup durýar.
Merkeziň hukuk salgysy: Aşgabat şäheri, Köpetdag etraby, Nazar Gullaýew köçesi, jaý 22 (Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet uniwersitetiniň binasy).
Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezi maglumat-telekommunikasiýa we programmirleme ugurlary hem-de döwletiň we ykdysadyýetiň ösmeginde gaýry ileri ugurlar boýunça maglumat-kompýuter tehnikasy bilen talabalaýyk üpjün edilen okuw auditoriýalarynda şu aşakda görkezilen okuwlary hödürleýär:
- Algoritmleşdirmegiň we psrogrammirlemegiň esaslary – C++
- Programmirlemegiň hünäri – C #
- Programmirlemegiň hünäri – Java
- Programmirlemegiň hünäri – Delphi
- Web programmirlemegiň hünäri – C#
- Web programmirlemegiň hünäri – Java
- Web programmirlemegiň hünäri – PHP
- Kämil tor tehnologiýalaryň hünäri
- Maglumat tehnologiýalarynyň hünäri
- Innowasion kompýuter tehnologiýalary “Adaty”
- Innowasion kompýuter tehnologiýalary “Ýöriteleşdirilen”
- Innowasion kompýuter tehnologiýalary “Çuňlaşdyrylan”
- Elektron resminama dolanyşygy ulgamlary “Adaty ulanyjy”
- Elektron resminama dolanyşygy ulgamlary “Ýolbaşçy”
- Elektron resminama dolanyşygy ulgamlary “Ulgamy dolandyryjy”
- Kiberhowpsuzlygyň esaslary "Adaty dereje"
If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter strong >