Top.Mail.Ru

Последние новости

Архив новостей

31 pökginiň kyssasy

0
42250

31 pökginiň kyssasy

«Turkmenportalyň» täze ýyldaky ilkinji söhbetdeşi Türkmenistanyň futbol boýunça 23-nji Milli çempionatynyň iň netijeli hüjümçisi Myrat Ýagşyýew

GYSGAÇA MAGLUMAT: Myrat Ýagşyýew 1992-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde doguldy. Maşgalasynda özünden başga-da iki sany gyz dogany bar. 2013-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda durmuş gurdy. Bu gün ýaş jübütler Myratdyr Enejanyň iki perzendi bar. Olaryň ogly Samir 2014-nji ýylyň 12-nji iýunynda, gyzy Dinara 2015-nji ýylyň 29-njy iýunynda dünýä indi.

  

SURATDA: Myrat Ýagşyýewiň perzentleri Samir we Dinara

— Myrat, Täze ýyl baýramynda futbol hakynda siziň bilen söhbet etmegi makul bildik. Sebäbi juda ýönekeý — siz tamamlanan ýylda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň iň köp pökgi geçiren futbolçysy bolduňyz. Bu üstünlik hem-de Täze ýylyňyz bilen bilelikde gutlaýsak diýdik.

— Sag boluň! Siziňem baýramyňyz gutly bolsun.

— Biziň bilşimize görä, siz Ýokary ligada 2012-nji ýyldan bäri çykyş edýärsiňiz. Şol ýylda bary-ýogy iki gezek tapawutlanypsyňyz. Ýöne şondan üç möwsüm soňra Türkmenistanyň iň netijeli hüjümçisi bolup bilmegiňiz juda uly üstünlik. Gürrüňi futbola gelşiňizden başlaýalyň!

— Ähli futbolçylarda bolşy ýaly, ýaşyl meýdana çykmak meniň hem çagalyk arzuwlarymyň biridi. Şonuň üçin çagalykdan şäherimizdäki «Olimp» sport mekdebinde tälim alyp başladym. Biziň «Olimp» futbol toparymyz bolsa, ýurdumyzyň Milli futbol çempionatynyň birinji ligasynda çykyş edýär. Bu gün öňki topardaşlarymyň köpüsiniň Ýokary ligada çykyş edýändigi meni begendirýär. Olaryň arasynda Muhammet Astanow, Farhad Italmazow, Ruslan Nuriddinow, Ruslan Italmazow, Furkat Tursunow, Dima Barabaş, Umitjan Kerimow, Hudaýkuly Satdykow ýaly futbolçylaryň atlaryny agzap bilerin. Biziň şol wagtky baş tälimçimiz Igor Barabaş Wladimrowiçe bolsa hoşallygymyň çägi ýokdur. Biz tejribeli halypadan juda kän zady öwrendik.

— Ýokary liga gelşiňiz barada hem gürrüň beräýseňiz.

— Ýokary ligada esgerlik borjumy tamamlap gelenimden soňra çykyş edip başladym. 2012-nji ýylda şol wagt Ýokary ligada çykyş edip ýören «Bagtyýarlyk-Lebap» toparynyň tälimçisi Rinat Faýzullaýewiç meni topara çagyrdy. Ýokary ligada ilkinji geçiren pökgim hem ýadymda. Şol gün biz Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» toparyny kabul edipdik. Men duşuşyk 89-njy minudynda Ýokary ligadaky ilkinji pökgimi geçirdim. Şol pökgi hem duşuşygyň ykbalyny çözdi — biz 1:0 hasabynda ýeňiş gazandyk. Şondan soňky möwsümde (2013-nji ýyl) hem «Bagtyýarlyk-Lebapda» çykyş etdim. 2014-nji ýylyň ýarym möwsümini «Daşoguzyň» düzüminde geçirdim. Üçünji aýlawdan başlap bolsa «Balkan» toparynyň düzümine goşuldym.

— Myrat, käbir futbolçylar uly futbola futzaldan gelýär. Siziň azda-kände futzal tejribäňiz barmy?

— Elbetde, futzalam gyzykly oýun. Menem futzal oýnap gördüm. Hatda toparymyz bilen 2013-nji ýylda futzal boýunça Türkmenabat şäheriniň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çenli baryp ýetdik.

— Ýokary liganyň üç toparynda çykyş edip gördüňiz. Arasyndan siziň ykbalyňyzda aýratyn yz galdyrany haýsy?

— Bilýäňizmi näme, her toparyň kalbyňda aýratyn orny bolýan eken. «Olimpde» men futbolyň nämedigine has anyk göz ýetirdim. «Bagtyýarlyk-Lebap» Ýokary ligadaky çykyşlarymyň başlangyjy. Heý, onsoň şeýle topary unudyp bolarmy? «Daşoguzda» ýarym möwsüm çykyş eden-de bolsam, bu ýerde-de tejribämi artdyrdym. Ýöne, elbetde, janköýerlerimiziň hem bilşim ýaly, esasy üstünligi «Balkan» bilen gazandym. Şonuň üçin bu toparyň ykbalymda aýratyn uly orny bardyr. Mundan soňra çempionatyň iň netijeli hüjümçisi bolmak ýa nesip eder, ýa etmez, ony aýdyp biljek däl, ýöne arkaňda güýçli topar, tejribeli futbolçylar bar bolsa, ýetilmejek sepgit ýok eken.

— «Indi şuny beräýsem» diýip oturan sowalyma jogap alaýdymam öýdýän. «Balkandaky» üstünligiňiziň syry barada soraýjakdym.

— Hawa, arkamda güýçli topar bardy. Toparda her kim öz wezipesine dogry düşünip, şony hem ýalňyşsyz berjaý etse, bir möwsümde 40 pökgi geçirmegem ýetilmejek menzil däl eken. Meni goldan ähli topardaşlaryma, maňa ynanan tälimçilerimize çäksiz hoşallygymy bildirýärin.

— Myrat futboldaky iň uly arzuwyňyz näme?

— Elbetde, ýurdumyzyň çempiony bolmak we Kubok almak, nirede çykyş etsemem, ýaşyl meýdana köpräk çykyp, köpräk pökgi geçirmek. Galyberse-de, milli ýyygndymyzyň düzüminde türkmen futbolynyň Ýer ýüzündäki at-abraýyna goşant goşmak meniň üçin belent mertebe bolardy.

— Hüjümçi hökmünde Ýokary ligada geçiren pökgüleriňiziň sany ýadyňyzdamy?

— Eger ýalňyşmaýan bolsam, Ýokary ligada çykyş eden ilkinji ýylymda (2012-nji ýyl) «Bagtyýarlyk-Lebabyň» düzüminde 2 gezek, 2013-nji ýylda 12 gezek tapawutlanypdym. 2014-nji ýylda 18, 2015-nji ýylda-da 31 pökgi geçirdim.

— Myrat, belki özüňem habarlysyň? Ýöne Ýokary ligada soňky 14 ýylda bir möwsümde hiç bir futbolçy hem 31 pökgi geçirip bilmändi. Maglumat bersek, 1992-nji ýylda Sergeý Kazankowyň 41, 1995-nji ýylda Rejepmyrat Agabaýewiň hem 41, 2001-nji ýylda Didargylyç Urazowyň bir möwsümde 32 pökgüsi bardy. Diýjek bolýan zadym, siziň görkezen netijäňiz Ýokary liganyň 1992-nji ýyldan bäri taryhynda üçünji orny eýeleýär. Elbetde, bu üstünlik has uly netijeleri görkezmäge ruhlandyrýandyr.

— Elbetde, futbolçy hemişe-de ýetilmedik sepgitleriň ýolunda. Ýaňam aýdyşym ýaly, hüjümçi hökmünde has kän pökgi geçirip bilmek meniň iň uly arzuwlarymyň biri. Maglumatlar üçin bolsa, sag boluň!

— Geljekde tälimçi bolmak maksadyňyzda barmy?

— Men şu wagt futbolçy, ýaşyl meýdanda çykyş etmeli. Geljegimi bolsa, wagty geliberende pikir ederin-dä!

— Dünýä futbolyndan halaýan toparlaryň we futbolçylaryň barada hem eşidäýsek.

— Ispaniýanyň «Real Madrid» we «Barselona» toparlarynyň duşuşyklaryna, wagt tapsam, tomaşa edýärin. Halaýan futbolçylarym bolsa Kriştiano Ronaldo, Neýmar we Anhel Di Maria.

— Eger futbolçy bolmadyk bolsaňyz, haýsy käri saýlardyňyz.

— Men-ä şol barada pikirem etmändirin, dogrusy. Çünki futbolçylykdan başga käri arzuw etmändim.

— Myrat, siziň üçin futbolçylyk kärmi ýa ykbal?

— Ykbal. Çünki kär hem ykbalyň bir parçasydyr.

— Mümkin bolsa, saýtymyzyň okyjylaryny Täze ýyl baýramy bilen gutlap beräýseňiz.

— Ilki bilen, «Turkmenportala» Täze ýylda-da iş rowaçlyklaryny arzuw edýärin. Onuň ähli okyjylaryny 2016-njy ýylyň gelip ýetmegi bilen gyzgyn gutlaýaryn. Goý, Täze ýyl bizi göwnümizde beslän ähli maksat-myradymyza ýetirsin! Düşümli ýyl bolsun!

— Täsirli söhbetdeşlik üçin sag boluň! Ine, 2016-njy ýyla-da girişdik. Ýene-de siziň adyňyzy türkmen futbolynyň öňdebaryjylarynyň arasynda eşideris diýip tama edýäris!

— (ýylgyrýar) Köp sag boluň! Nesip bolsa.

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации