Последние новости

Архив новостей

Как купить билет в театры Ашхабада онлайн? (видео)

20:4314.02.2020
4
37645
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
balkan84 ( 15.02.2020 )

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynyň 30-a kabul eden 984 belgili kararyna laýyklykda, 2019-2025-njy ýyllar üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň konsepsiýasy kabul edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek,milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça giň ýollary açdy. ‘‘Türkmenportal’’öz gezeginde sanly ulgama geçmegıň ýollarny her bir wideo ýazgylarynda halk köpçüligine ýetirýär. Ýurdumyzyň Teatrlaryna hem-de Döwlet Sirkine elektron petek satyn almak baradaky wideoňyz, bize ilki bilen öz wagtymyzy tygşytly ulanmaga hem-de nobata durmazdan petek satyn almaga ýardam eder. Hormatly‘‘Türkmenportal’’internet saýtynyň agzybir işgärleri! Ýurdumyzda bolup geçýän dabaralary hem-de ygtybarly habarlary dessine halkymyzyň dykkatyna ýetirmek ugrynda alyp barýan işiňizde uly üstünlikler arzuw edyärin. ‘‘Türkmenportal’’ Diňe öňe!!!

0
myradowski ( 18.02.2020 )

Internet adamlaryň gündelik durmuşyny ýeňilleşdirmek üçin örän uly mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň döwlet kärhanalary bu mümkinçiliklerden giňden peýdalanyp, şular ýaly çylşyrymly web-saýtlar we ykjam telefonlar üçin programmalary döretmegi hem buýsandyryjy ýagdaýdyr. Sanly ulgama geçmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmeginden soň, biz üçin elektron kömekçileriň sany gysga wagtyň içinde has köpeldi. Ýakynda şuňa meňzeş internet hyzmat ediji ulgamlar ýurdumyzyň başga edara-kärhanalary tarapyndan hem açylar diýip ynanýaryn. Meselem – kinoteatrlar üçin. Türkmenportal web-saýtynyň kollektiwine şular ýaly peýdaly programmalaryň çykanlygy barada öz wagtynda habar berýändigiňiz we amatly formatda olary nähili ulanmalydygyny düşündirýändigiňiz üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn! Täze wideolara we habarlara sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! Türkmenportal biziň ygtybarly çeşmämizdir.

0
Perhat90 ( 25.02.2020 )

Bagty­ýar­lyk za­ma­na­myz­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, eýe­len­ýän be­lent sep­git­ler mer­da­na hal­ky­my­zyň sy­ýa­sy-ykdy­sa­dy we me­de­ni-ru­hy taý­dan kä­mil ösüş­le­ri ga­zan­ýan­dy­gy­na gü­wä geç­ýär. Mu­nuň özi ýur­dumy­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny ber­kit­mek, ra­ýat­la­rymy­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak bi­len bag­ly we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek bo­ýun­ça ýo­ka­ry ne­ti­je­le­riň ga­za­nyl­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu ba­bat­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýur­du­myz­da ka­bul edi­len konsep­si­ýa­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi giň we tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri özün­de jem­le­ýär.Hä­zir­ki ta­ry­hy döwür­de halk ho­ja­ly­gynyň äh­li pu­dak­la­ryn­da san­ly ul­gam, yl­my iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry önümçi­li­ge or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­mala­ýyn iş­ler üs­tün­lik­li amal edil­ýär. Mu­nuň özi döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da, pu­dak­la­ryň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek­de iň­ňän mö­hüm­dir. San­ly yk­dy­sa­dy­ýet­de san­ly marke­ting, san­ly bi­lim, san­ly bank hyz­mat­la­ry, san­ly täjir­çi­lik, san­ly ara­gat­na­şyk, san­ly sag­ly­gy go­ra­ýyş ýa­ly adal­ga­lar he­re­ket ed­ýär. San­ly yk­dy­sa­dy­ýet tiz­lik, amat­lylyk, tyg­şyt­ly­lyk dü­şün­je­le­ri bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. ‘‘Türkmenportal’’ saýtynyň işgärleri hem, Ýurdumyzda alnyp barylýan sanly ykdysadyýeti syýasatynyň durmuşa geçirmekde uly işler alyp barýarlar. Bu video ýazgy raýatlara ýurdumyzyň teatrlaryna we döwlet sirkine petekleri almakda ýardam eder, olaryň wagtyny tygşytlar. Ýene bir bellemi zat şu wideo ýazgylaryň ählisiniň düşnükli, sada türkmen dillinde ulanyjylara ýetirilýändigidir. Bu bolsa sanly programmanyň ulanyjylarynyň ýaşyna garamazdan amatly, düşnükli boljakdygyna ýardam berer. "Türkmenportal" internet saýdynyň agzybir işgärlerine özümiziň hoşallygymyzy bildirýäris!

0