Boş iş orunlarymyz

1. Žurnalist, saýtyň habarçysy

Borçlary: 

• Baş redaktor tarapyndan berlen meseleleriň ýerine ýetirilmegi (habarlar, makalalar, söhbetdeşlikler);

Talaplar:

• Kämil derejede okamak we ýazmak şeýle-de rus dilini bilmek;
• Ýazylanlara düşünmek we ony täzeden ýazmak (kopiraýt);
• Kompýuter ulgamyndan gowy baş çykarmak we ähli ofis programmalary we interneti oňat bilmeklik.

Şertleri:

- Synag möhleti - 1 aý, tölegli esasda;
- Doly iş güni;
- Iň pes bellenen aýlyk haky - 2000 manat.
- Aýlyk hakynyň soňky derejesi söhbetdeşlik esasynda kesgitlenýär;
- Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda resmileşdirilmek;
- Ýazgyda duran ýeriniň hökmanylygy ýok, ýöne Aşgabatda işlemeli;
- Döwrebap we amatly iş ýeri;
- Hünär derejesiniň ösmegi we tejribe alyşmaklyk;
- Hünär işleriňiz baradaky taslamalary baglanyşyklar bilen CV-de göýbermegi ýatdan çykarmaň!

Mundan başga-da, dalaşgärleri saýlananda boljak artykmaçlyklar:

- Žurnalist hökmünde iş tejribesi;
- Rus we türkmen dillerini hökmany bilmeli;

-----------------------------------------------------------------

2. Programmist

Aşakdaky ugurlar boýunça programmistler gerek:

• Frontend
• Backend 
• Android 
• IOS

Talaplar:

- Tejribe;
- MVC/MVVM taslama dizaýnynyň ülňüsine düşünmek;
- Başga biriniň ýazan koduna düşünmek ukyby;
- Topar bolup işlemek ussatlygy.

Şertleri:

- Synag möhleti - 1 aý, tölegli esasda;
- Doly iş güni;
- Ýazgyda duran ýeriniň hökmanylygy ýok, ýöne Aşgabatda işlemeli;
- Aýlyk hakynyň öz wagtynda tölenilmegi;
- Iň pes bellenen aýlyk haky - 5000 manat.
- Aýlyk hakynyň soňky derejesi söhbetdeşlik esasynda kesgitlenýär;
- Özüňiz dolandyryp biljek amatly (çeýe) iş tertibi;
- Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda resmileşdirilmek;
- Döwrebap we amatly iş ýeri;
- Hünär derejesiniň ösmegi we tejribe alyşmaklyk;
- Hünär işleriňiz baradaky taslamalary baglanyşyklar bilen CV-de göýbermegi ýatdan çykarmaň!

Mundan başga-da, dalaşgärleri saýlananda boljak artykmaçlyklar:

- bu ugurdaky tejribe;
- iňlis dilini bilmek;
- IT ulgamynda bilimler (web sahypalary, amaly programmalar, ykjam programmalar);
- Şahsy awtoulagynyň bolmagy;

-----------------------------------------------------------------

Maglumatlaryňyzy şu salga iberip bilersiňiz: vacancy@turkmenportal.com