Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» ilkinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogyna mynasyp boldy

21:4828.10.2015
0
15004

28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogyna mynasyp bolmak ugrunda gyzykly futbol duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistanyň Milli futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 2014-nji ýyl boýunça çempiony «Altyn asyr» bilen 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi «Ahal» topary duşuşdy.

«Köpetdag» stadionynda geçirilen duşuşyk toparlaryň deňeçer hüjümleri bilen başlady. Iki tarapyň gurýana hüjümleri hem bir bada netije bermedi. Esasy howply hüjümler bolsa «Ahalyň» derwezewany Nikita Gorbunowyň goraýan derwezesiniň agzynda döredi. Okgunly hüjümleriň birinde N.Gorbunow Begenç Annagurbanowyň uzak aralykdan derwezäniň künjüne dogry gönükdiren pökgüsine çäre tapyp bilmedi. Şeýlelikde, 27-nji minutda «aragatnaşykçylar» 1:0 hasabynda öňe çykdylar.

Şondan 7 minut soňra «Altyn asyryň» goragçysy Bagtyýar Hojaahmedow pökgini çep gyradan ussatlyk bilen öňe alyp gidip, amatly pursatda Süleýman Muhadowa geçirmegi başardy. Şeýlelikde, ol derwezewan Nikita Gorbunowa hem al salmagyň hötdesinden geldi. Süleýman Muhadow bolsa boş galan derwezä pökgini dürs gönükdirip, hasaby 2:0-a çykardy.

Hasap «Ahalyň» işini has çylşyrymlaşdyrdy. Üstesine hüjümçi Altymyrat Annadurdyýewiň birinji ýarymda şikes alyp, oýundan çykmagy toparyň hüjüm böleginde kynçylyk döretdi.

Nikita Gorbunowyň goraýan derwezesinde ikinji ýarymda hem howply pursatlaryň birnäçesi döredi. Pökgüleriň käbirini milli ýygyndymyzyň ussat derwezewanynyň özi gaýtaran bolsa, käbiri sowa geçdi. Şeýle-de bolsa 79-njy minutda Süleýman Muhadow özüniň ikinji, toparynyň bolsa üçünji pökgüsini geçrip, netijä ymykly nokat goýdy. Iki tarapdan hem birnäçe oýunçylaryň çalşyrylandygyna garamazdan, şondan soň gol geçirmek toparlaryň ikisinde-de başartmady.

Şeýlelikde, «Altyn asyr» öz taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogyna mynasyp bolup gördi.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri Ýokary ligadaky ikinji çempionlygyna hem has ýakyn. Olaryň Kubok ýaryşynyň ýarym finalynda «Balkan» bilen geçirilen ilkinji duşuşykda gazanan uly hasaply ýeňşinden çen tutsaň, topar bu ýaryşyň hem finalynda diýip bileris.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliigniň futbol toparyny Garaşsyzlyk baýramynda gazanan uly ýeňşi bilen gyzgyn gutlaýarys we AFK-nyň ýaryşlarynda hem şowly çykyşlary arzuw edýäris.

Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy:

«Altyn asyr» 3 — 0 «Ahal»

Gollar:

1-0, Begenç Annagurbanow 27’

2-0, Süleýman Muhadow 34’

3-0, Süleýman Muhadow 79’.

- - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - -

Üns beriň! Ýörite okyjylarymyz siz üçin - duşuşykdan taýýarlanan fotoreportažymyzy sypdyrmaň! 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň