«AHAL» — «ALTYN ASYR»: SANLAR, MAGLUMATLAR

0
542

Duşuşyk:

«Ahal» — «Altyn asyr» 0:2

Gollar:

47-nji minut — Süleýman Muhadow (0:1)

60-njy minut — Myrat Annaýew (0:2)

IKISINDE-DE 2 GOL: Şu möwsümde «Ahal» bilen «Altyn asyryň» özara duşuşyklarynyň ikisinde-de derwezelere 2 pökgi girdi. Ýöne umumy üstünlik «Altyn asyryň» tarapynda.

ARA ÝYGRYLDY: Şu duşuşykdaky ilkinji goluň awtory Süleýman Muhadow iň netijeli hüjümçileriň ýaryşynda Myrat Ýagşyýew bilen arany 2 gola çenli ýygyrdy. Indi Myrat Ýagşyýewiň 18, Süleýman Muhadowyň 16 goly bar. Süleýman Muhadow Myrat Ýagşyýew bilen arany 2 gola çenli ýygyrdy.

4 OÝUNDA 6 GOL: Süleýman Muhadow soňky 4 duşuşykda 6 gol geçirdi.

HÜJÜMÇILERDEN HÜJÜM: Ýokary liganyň häzirki netijeli oýunçylary Myrat Ýagşyýew bilen Süleýman Muhadowyň  ikisi hem «Ahal» bilen bolan soňky duşuşykda gol geçirmegi başardy.

«AHALYŇ» ÜÇÜNJI ŞOWSUZLYGY: Şeýlelikde, «Ahal» şu möwsümdäki senesi üýtgedilen oýunlaryň birinde-de ýeňiş gazanyp bilmedi.

120-nji ÝEŇIŞ: Şu duşuşykda «Altyn asyr» topary  milli ýaryşlardaky (Türkmenistanyň çempionaty we Kubogy bilelikde alnanda) 120-nji ýeňşini gazandy.

MYRAT ANNAÝEWIŇ GOLY: Duşuşygyň 60-njy minudynda  «Ahalyň» derwezesine girizilen bu gol «Altyn asyryň» Ýokary ligadaky 360-njy goly boldy. Toparyň milli ýaryşlarda geçiren goly bolsa 420-den geçdi.

15 GOL: Şeýlelikde 11-nji tapgyryň duşuşyklarynda jemi 15 pökgi derwezelere girdi, mundan öň 14-nji tapgyrda 15 gol geçirilipdi.

30 GOL: Myrat Annaýewiň geçiren pökgüsiniň ýene bir aýratynlygy bar. Ol «Altyn asyryň» şu möwsümdäki 30-njy goly hökmünde hasaba alyndy.  

ÝEŇIŞ TAPGYRY: Ýaryş sanawynyň başyny çekip gelýän «Altyn asyr» topary  bassyr 3-nji duşuşygynda  ýeňiş gazandy.

ILKINJI GEZEK: «Ahal» topary şu möwsümde ilkinji gezek yzygiderli geçirilen 2 oýunda ýeňildi.

Duşuşykdan taýýarlanan fotoreportažymyzy sypdyrmaň! 

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru