Duşuşyk:
«Ahal» — «Altyn asyr» 0:2
Gollar:
47-nji minut — Süleýman Muhadow (0:1)
60-njy minut — Myrat Annaýew (0:2)
IKISINDE-DE 2 GOL: Şu möwsümde «Ahal» bilen «Altyn asyryň» özara duşuşyklarynyň ikisinde-de derwezelere 2 pökgi girdi. Ýöne umumy üstünlik «Altyn asyryň» tarapynda.
ARA ÝYGRYLDY: Şu duşuşykdaky ilkinji goluň awtory Süleýman Muhadow iň netijeli hüjümçileriň ýaryşynda Myrat Ýagşyýew bilen arany 2 gola çenli ýygyrdy. Indi Myrat Ýagşyýewiň 18, Süleýman Muhadowyň 16 goly bar. Süleýman Muhadow Myrat Ýagşyýew bilen arany 2 gola çenli ýygyrdy.
4 OÝUNDA 6 GOL: Süleýman Muhadow soňky 4 duşuşykda 6 gol geçirdi.
HÜJÜMÇILERDEN HÜJÜM: Ýokary liganyň häzirki netijeli oýunçylary Myrat Ýagşyýew bilen Süleýman Muhadowyň ikisi hem «Ahal» bilen bolan soňky duşuşykda gol geçirmegi başardy.
«AHALYŇ» ÜÇÜNJI ŞOWSUZLYGY: Şeýlelikde, «Ahal» şu möwsümdäki senesi üýtgedilen oýunlaryň birinde-de ýeňiş gazanyp bilmedi.
120-nji ÝEŇIŞ: Şu duşuşykda «Altyn asyr» topary milli ýaryşlardaky (Türkmenistanyň çempionaty we Kubogy bilelikde alnanda) 120-nji ýeňşini gazandy.
MYRAT ANNAÝEWIŇ GOLY: Duşuşygyň 60-njy minudynda «Ahalyň» derwezesine girizilen bu gol «Altyn asyryň» Ýokary ligadaky 360-njy goly boldy. Toparyň milli ýaryşlarda geçiren goly bolsa 420-den geçdi.
15 GOL: Şeýlelikde 11-nji tapgyryň duşuşyklarynda jemi 15 pökgi derwezelere girdi, mundan öň 14-nji tapgyrda 15 gol geçirilipdi.
30 GOL: Myrat Annaýewiň geçiren pökgüsiniň ýene bir aýratynlygy bar. Ol «Altyn asyryň» şu möwsümdäki 30-njy goly hökmünde hasaba alyndy.
ÝEŇIŞ TAPGYRY: Ýaryş sanawynyň başyny çekip gelýän «Altyn asyr» topary bassyr 3-nji duşuşygynda ýeňiş gazandy.
ILKINJI GEZEK: «Ahal» topary şu möwsümde ilkinji gezek yzygiderli geçirilen 2 oýunda ýeňildi.
Duşuşykdan taýýarlanan fotoreportažymyzy sypdyrmaň!